Geely Renault-nyň şärikdeşi bolup biler

Geely Renault-nyň şärikdeşi bolup biler

Hytaýyň Geely konserni Renault kompaniýasynyň bir bölegini özüne almak barada gepleşikleri geçirýär. Bu barada özüniň ýagdaýdan habarly çeşmelerine salgylanýan Reuters habar berýär. Emma entek geleşik barada ylalaşylmazdan öň Renault-nyň iki sany özbaşdak kompaniýa bölünmegi mümkin.

Renault, Ford-a eýerip, esasan biri-birine garaşsyz işlejek iki sany uly bölünmä — elektromobiller we däp bolan içinden otlanýan hereketlendirijili ulaglar bilen meşgullanýan departamentlere öwrülmäge hyýallanýar.Agentligiň maglumatlaryna görä, Geely konserni ygtyýarynda däp bolan hereketlendirijini saklaýan bölünmäniň bir bölegini satyn almagy göz öňünde tutýar.

Deslapky maglumatlara görä, hytaý konsernine onuň paýnamalarynyň 40%-i bölünip gider. Ýene 40%-i öňküsi ýaly Renault-yň özünde galar, galanyna bolsa dünýäde iň iri nebit-gaz konsernleriniň biri bolan PetroChina eýe çykar.

Bolmasy çaklanylýan geleşik barada onuň agzalarynyň hiç biri häzirlikçe hiç hili resmi teswir bermedi.

Ýene degişli makalalar

Geely Aston Martin-iň eýesi boldy
Saud kompaniýasy maýadar bolar
Bilelikde hereketlendiriji öndürerler
Merkezi Aziýa Ukrainada uruş tamamlanandan soň: Hytaý sebitden Russiýany gysyp çykararmy?
Samsung Galaxy M33 5G çykarmak üçin tassyklandy
Volvo kompaniýasy täze ykjam elektrik krossowerini çykarar