Geely özüniň iň kiçi awtomobilini hödürledi

Geely özüniň iň kiçi awtomobilini hödürledi

Geely kompaniýasy özüniň iň kiçi awtomobilini hödürledi. M2 adyny alan awtoulag aýratyn subbrend Geometry bilen satylar. Hytaýyň CarsNewsChina portalynyň habar bermegine görä, täze awtoulag noýabr aýynda Guançžouda geçiriljek awtosalonda ilkinji gezek köpçülige görkeziler. Bu barada autonews.ru habar berýär.

Awtomobiliň ýerli bazarda satuwy şu ýyyň ahyryna çenli başlar.Modeliň bahasy soňrak mälim ediler.Kompaniýa täze awtoulagyň beýleki ýurtlara-da eksport ediljekdigini nygtaýar.Geometry-nyň uzynlygy 3 metrden sähel geçýär.

Dört orunly hetçbegiň agramy 715 kg barabar.Awtomobil tegelek faralara, 13 dýuýmlyk teker disklerine, relýef kapotyna we panorama üçegine eýe boldy.Iki gapyly awtoulag öňdäki okda oturdylan elektrik hereketlendirijisi bilen hereket edýär.

Gurluşyň kuwwaty 27 ýa-da 41 at güýjüne deň.Hetçbegiň ýol ätiýajy bolsa häzirlikçe belli däl.

Ýene degişli makalalar

Şanhaý awtoulag sergisi öz işine başlady
Uçýan awtoulag öndürýän ilkinji zawod
Aşgabatdan Urumçä uçuşlaryň bahasy belli boldy
China Southern Airlines Siandan Aşgabada yzygiderli howa gatnawlaryny gaýtadan dikeldýär
20 millionynjy elektroulagyny öndürdi
Mişlen ýolbeledi iň arzan restoranlary bolan şäherdir ýurtlary anyklady