Geely awtomobillerden dünýäde iň uly mozaika düzüp, rekord goýdy

Geely awtomobillerden dünýäde iň uly mozaika düzüp, rekord goýdy

Ginnesiň rekordlar kitaby täze dünýä rekordyny hasaba aldy: Geely kompaniýasy awtomobillerden ägirt uly mozaika düzdi. Şeýle üstünlik hytaý Täze ýylyna gabat getirildi: gündogar senenamasy boýunça 2021-nji ýyl Öküz nyşanynyň astynda geçer, hut şonuň üçin bu jandara rekord kompozisiýasy bagyşlandy. Bu barada tarantas.news habar berýär.

Bu kompozisiýa üçin Hytaýda Dihao ady bilen satylýan ak we gara reňkli 1339 sany Geely Emgrand awtomobili gerek boldy. Netijede, iki reňkli surat emele geldi, onda öküziň kellesi we 2021-nji ýyl bilen gutlaýan ýazgy şekillendirildi. Munuň üçin 30 sagatdan gowrak wagt sarp edildi. Ulaglar 4-5 santimetr aralykda ýerleşdirildi. Mozaikanyň umumy meýdany 7 070,26 inedördül metr boldy.

Ginnesiň düzgünlerine görä, mozaika ýokardan seredilende belli nagşy emele getirýän awtomobillerden ybarat bolmalydy. Ulaglaryň arasyndaky aralyk hem 20 santimetrden geçmeli däl we mozaikanyň umumy meýdany azyndan 3000 inedördül metr bolmaly.

Ýene degişli makalalar

Merkezi Aziýa Ukrainada uruş tamamlanandan soň: Hytaý sebitden Russiýany gysyp çykararmy?
“Volvo Cars” ýarymgeçirijileriň ýetmeýändigi sebäpli Şwesiýadaky önümçiligi togtadýar
Geely 2021-nji ýylda bazarda 1,32 milliondan gowrak awtomobil satdy
Samsung Galaxy M33 5G çykarmak üçin tassyklandy
Volvo kompaniýasy täze ykjam elektrik krossowerini çykarar
Şanhaý awtoulag sergisi öz işine başlady