Hytaýyň Geely holdingi Britaniýanyň sport ulaglaryny öndürýän Aston Martin kompaniýasynyň paýnamalarynyň 7,6%-ni satyn aldy. Geleşigiň bahasy belli däl, ýöne paýnamalaryň aktual bahasyndan çen tutsaň, ol 66,3 mln funt sterling (73,8 mln dollar) bolsa gerek.
Geely-niň bu geleşigi diňe ikilenji gezekden soň geçirmek başardandygyny bellemek gerek: hytaýlylar britan kompaniýasyndan bir paýy baryp-ha 2020-nji ýylda satyn almak isläpdiler, ýöne şonda Aston Martin olaryň teklibini ret edipdi.
Aston Martin-iň paýnamalarynyň satyn alnandygy baradaky fakt Geely-niň resmi saýtynda eýýäm tassyklandy.Hytaý holdinginiň beýannamasynda şeýle diýilýär: Geely Aston Martin-iň geljekki üstünligine öz goşandygyny goşup biler.
Biz Aston Martin bilen işleşmegiň mümkinçiliklerini öwrenmäge sabyrsyzlyk bilen garaşýarys — diýip, Zhejiang Geely-niň baş direktory Deniel Dunhueý Li mälim edýär.Hytaýlylar Aston Martin-iň kapitalyna gatnaşmaklarynyň maksadyny heniz aýdyňlaşdyranoklar, ýöne megerem, paýnamalaryň satyn alynmagy geljekde Lotus markasy — Geely-niň portfelinde ýene bir britan kompaniýasy üçin gerek boljak tehnologiýalar we işläp taýýarlamalar bilen tanyşmaga ýol açsa gerek.
Ozal Geely Mercedes-Benz Group AG-nyň paýnamalarynyň 10%-ni we Renault SA-nyň koreý bölüminiň paýnamalarynyň 34%-ni satyn alypdy.Ondan hem başga hytaý holdingi Geely Auto, Volvo, Lynk & Co, Geometry we Zeekr brendleriniň, Londonyň elektrik taksilerini we furgonlaryny öndürýän London Electric Vehicle Company-nyň, uçýan Terrafugia awtoulaglarynyň işläp taýýarlaýjysynyň eýesi.