Geely 2021-nji ýylda bazarda 1,32 milliondan gowrak awtomobil satdy

Geely 2021-nji ýylda bazarda 1,32 milliondan gowrak awtomobil satdy

2021-nji ýylda Hytaýyň Geely kompaniýasy tarapyndan ýygnalan awtomobilleriň satuw möçberi 1,32 mln birlikden geçdi, bu bolsa 2020-nji ýyldaky görkezijiden 1% ýokarydyr. Şeýle maglumatlar kompaniýanyň maliýe hasabatynda saklanýar.

Alternatiw energiýa çeşmeleri bilen işleýän awtomobilleriň satuw paýy satylan önümleriň umumy düzüminde az bolmagynda galýar, ýöne kompaniýa bu ugry işjeň ösdürmäge çemeleşýär. Geçen ýyl şeýle awtoulaglardan, takmynan, 100 müň sanysy satyldy, Hytaýda olara diňe elektromobiller däl, eýsem gibrid hereketlendirijili, şeýle-de wodorod ýangyç elementlerinde işleýän awtoulaglar hem degişli edilýär.

2022-nji ýylda Geely olaryň satuw möçberini 160 müňe, 2025-nji ýyla çenli 900 müňe ýetirmegi maksat edinýär.Bu meýilnamalary durmuşa geçirmek üçin geçen ýylyň iýun aýynyň başynda Geely alternatiw energiýa çeşmeleri bilen işleýän awtomobilleri işläp düzmek we öndürmek bilen meşgullanjak aýratyn kompaniýany döretdi.

Onuň wezipesine toplumy düzüjileri, awtotransport üçin Zatlaryň internetini, emeli intellekt tehnologiýalaryny işläp düzmek hem-de alternatiw energiýa çeşmeleri bilen işleýän awtomobilleri ýygnamak we satmak girýär.Kompaniýa geçen ýyl hususy ylmy-gözleg işlerine 5,52 mlrd ýuan (takmynan, $860 mln) maýa goýdy, bu bolsa 2020-nji ýyldaky görkezijiden 16,1% köpdür.

Hasabatda bellenilişi ýaly, 2021-nji ýylda kompaniýanyň esasy işden gazanan girdejisi 101,6 mlrd ýuan (takmynan, $16 mlrd) boldy ösüş ýyllyk aňlatmasynda 10,3%-e deň. Şol bir wagtyň özünde, girdeji 22%, 4,35 mlrd ýuana (takmynan, $685 mln) çenli peseldi.

Ýene degişli makalalar

Merkezi Aziýa Ukrainada uruş tamamlanandan soň: Hytaý sebitden Russiýany gysyp çykararmy?
“Volvo Cars” ýarymgeçirijileriň ýetmeýändigi sebäpli Şwesiýadaky önümçiligi togtadýar
Samsung Galaxy M33 5G çykarmak üçin tassyklandy
Volvo kompaniýasy täze ykjam elektrik krossowerini çykarar
Şanhaý awtoulag sergisi öz işine başlady
Bäsdeşlerinden ozdurar