Geçmişe edilýän gözegçilik şu günüň we geljegiň ogurlanmagyny 'nazarlaýar'

Geçmişe edilýän gözegçilik şu günüň we geljegiň ogurlanmagyny 'nazarlaýar'

Ozalky Sowetler birleşiginde, şol sanda Türkmenistanda 1937-38-nji ýyllarda amala aşyrylan köpçülikleýin repressiýalaryň başlananyna şu ýylyň awgustynda 86 ýyl boldy, şu aralykda Gazagystan 1929-1956-njy ýyllar aralygynda sowet häkimiýetleri tarapyndan syýasy sebäpler esasynda ýanalan, repressiýa edilen adamlaryň 2,4 million işini, jenaýat işleri’ diýilýänleriň arhiw ýazgylaryny gizlinlik ýagdaýyndan çykarandygyny aýtdy.

Bu hili aýdyňlyk, açyklyk çäreleri beýleki post-sowet ýurtlarynda hem görülýär we dürli dekolonizasiýa tagallalary edilýär, arhiw materiallary esasynda makalalar, kitaplar çap edilýär, çekişmeler guralýar.Emma bu Türkmenistanda beýle bolmady. Ýerli synçylaryň, şol sanda Pragada ýaşaýan türkmen ýazyjysynyň pikirine görä, hökümetiň geçmişe edýän gözegçiligi halkyň şu gününi we geljegini ogurlamaga, milli aň-düşünjäniň ösüşini mümkin boldugyça kän bökdemäge gönükdirilene meňzeýär.

Azatlygyň habarçysynyň maglumatyna görä, sowet repressiýalary babatyndaky dymyşlyk bolan zatlaryň kem-kemden doly unudylmagyna ýa-da olar baradaky bilim-düşünjäniň barha ýukalmagyna alyp gelýär.

Häzir däl, rus metbugatynda mundan öňki ýyllarda çap edilen maglumatlar 1930-1940-njy ýyllar aralygynda 8,5 milliondan gowrak adamyň Stalin syýasatynyň pidasy bolandygyny öňe sürýär. Olaryň 760 müňden gowragy “rewolýusiýa garşy eden jenaýatlary” üçin diýilýände aýyplanyp, atylyp öldürilýär, 1 million çemesi adam kulakçylyga çekilip, sürgünde ölýär, ýarym milliona golaý adam GULAG-da, sowet türmelerinde heläk bolýar.

Dowamly repressiýalardan soň dörän açlyklar hem köp adamyň başyna ýetýär.Aýdaly, 1933-nji ýylyň açlygynda 6,5 million adamyň ölendigi aýdylýar.Orsýetiň Döwlet dumasynyň gelen netijesine görä, bu adamlar “oba hojalygyny zorlukly kollektiwleşdirmek” syýasatynyň pidasy bolupdyr.

Adam zaýaçylygynyň esasan 1930, 1931, 1932 we 1933-nji ýyllarda köp bolandygy, çen bilen 7 million adamyň öldürilendigi aýdylýar. Şeýle-de, rus metbugatynyň maglumatyna görä, 19411944-nji ýyllarda SSSR-iň basylyp alnan territoriýasynda, demograflaryň hasaplamalaryna görä, 4-4,5 million töweregi adam öldürilipdir.

1937—1938-nji ýyllarda, SSSR IIM-niň 1953-nji ýyldaky maglumatyna görä, NKWD organlary 1 million 575 müň 259 adamy tussag edipdirler, olardan 1 million 344 müň 923 adam günäli tapylypdyr, 681 692 adam atylypdyr.

Ýakow Çubiniň arassalaýyş’ topary

Aýdylmagyna görä, 1937-nji ýylyň iýul aýynda Bütinsoýuz Kommunistik Bolşweikler partiýasynyň MK-nyň partiýa kollegiýasynda Ýakow Çubiniň ýolbaşçylygynda sekiz adamdan ybarat ýörite topar döredilip, olar Türkmenistandaky “halk duşmanlaryny, sosializmiň garşysyna göreşýän elementleri ýok etmek, jemgyýeti arassalamak üçin” Aşgabada iberilýär.

Bu topar göni Moskwa garaşly bolup, oňa çäklendirilmedik hukuk berlipdir. Olar 1937-nji ýylyň awgust aýynyň başynda gelip, Türkmenistanda üç adamdan, bäş adamdan ybarat, aýdany-aýdan, diýeni diýen bolýan ýerli kazyýetleri döredýärler we bäş adamdan ybarat kazyýetleriň düzümine, üçlüklerden tapawutlylykda, ýerli resmilerden başga, oba şugullary, adam satýan adamlar hem girizilipdir.

Bu döwri gowy öwrenen ýazyjy Amanmyrat Bugaýewiň 2017-nji ýylda beren maglumatyna görä, Ýakow Çubiniň topary 1937-nji ýylyň awgustyndan 1938-nji ýylyň noýabr aýyna çenli işleýär we şu aralykda Türkmenistanda 15 müň 660 adam “halk duşmany”, “sosialistik jemgyýete ýat bolan element”, “kontrrewolýusioner”, “daşary ýurt içalysy” diýen ýaly aýyplamalar esasynda jogapkärçilige çekilip, günäli tapylýar. Ýazgarylan adamlaryň 5 müň sekiz sanysynyň atuwa höküm edilendigi aýdylýar.

Şol arassalaýyşdan’ soň atuwa höküm edilenleriň arasynda Gaýgysyz Atabaýew, Nedirbaý Aýtakow ýaly, sowetler döwründe şu günki garaşsyz Türkmenistanyň esaslaryny goýmaga gatnaşan türkmen syýasatçylary hem jezalandyrylyp öldürilipdir.Bu adamlar barada türkmen okyjylary Berdi Kerbabaýewiň “Gaýgysyz Atabaýew”, Ýylgaý Durdyýewiň “Nedirbaý Aýtakow” (1978) ýaly romanlary arkaly öz wagtynda belli bir düşünje aldylar, emma bolan zatlar, repressiýanyň düýp sebäbi ýa-da sebäpleri, Çubiniň 1937-nji ýylyň oktýabryndan 1939-njy ýylyň noýabryna çenli aralykda Türkmenistan Kommunistik Bolşewikler partiýasynyň MK-nyň birinji sekretary bolup işlän döwründe ýok edilen adamlar baradaky düýpli gürrüň hiç wagt edilmedi.

Eger bu gürrüň edilen bolsa, taryhyň täzeden öwrenilmegine we taryhçylaryň ylmy işleriniň çap edilmegine päsgelçilik döredilmedik bolsa, Gaýgysyz Atabaýewiň 1922-nji ýylda “basmaçylygy döredenem, basmaçylyga meçew berenem biz, bolşewikler” diýip, açyk aýdan sözleri, beýleki türkmen syýasatçylarynyň ol ýa-da beýleki döwürde eýelän anyk pozisiýalary bu günki gün has köp adama belli bolardy, Gazawat gyrgynçylygyndan bäri görlen görgüler, halka, adamlara edilen basyşlar barada eneçeme kitap ýazylardy, kino, teatr eserleri döredilerdi, türkmen döwletliliginiň esaslary berkidilerdi, watançylyk duýgulary, buýsanç güýçlenerdi diýip, H.Hally aýtdy.

Taryhçylaryň käbiriniň tassyklamagyna görä, 2006-njy ýylyň aýagynda, prezident Saparmyrat Nyýazowyň ýogalmagy netijesinde bolan hökümet täzelenmesinden soň, repressiýa pidalarynyň ykballaryny, arhiw ýazgylaryny hemme taraplaýyn öwrenmek mümkinçiligi gaýtadan dörediljek ýaly hem boldy. Bu pikiri okuw kitaplarynda peýda bolan özgerişlikler hem tassyklaýar.

Mysal üçin, şol wagt berlen maglumata görä, 2009-njy ýylda 9-njy synp okuwçylary üçin niýetlenip çykarylan taryh kitabynyň 249-251-nji sahypalarynda Çubiniň topary we köpçülikleýin jezalandyryş çäreleri hakynda gysgaça maglumat berildi. Şol döwürde täze hökümetiň Gaýgysyz Atabaýew, Nedirbaý Aýtakow ýaly taryhy şahslar babatda Saparmyrat Nyýazow döwründe dilden girizilen gadaganlygy ýatyrmagyna umyt baglan döredijilik wekilleri bir ýa iki däldi, köpräkdi diýip, Hudaýberdi Hally aýdýar.

Pragada ýaşaýan ýazyjynyň sözlerine görä, Türkmenistan 1980-nji ýyllaryň aýagynda, 1990-njy ýyllaryň başynda arhiwleri açmak meselesine şu günki ýaly ters, howply bir zat hökmünde garamaýardy, bu ýagdaý soň erbetleşdi.

Ýöne, synçylaryň, şol sanda Azatlygyň ýerli habarçysy bilen gürleşen ýaşaýjylaryň käbiriniň pikirine görä, Orsýetde sowet döwrüniň repressiýa syýasatynyň mazmunyny giňden açyp görkezmek babatynda başlanan işleriň togtadylmagy, SSKP-niň XX gurultaýynda paş edilen Iosif Staliniň gaýtadan netijeli dolandyryjy’ bolmagy, Russiýanyň Lawrentiý Beriýanyň heýkelini muzeýde goýup, onuň adyny ýadro ylmynyň ösüşi bilen baglanyşdyrmakda edýän tagallalary Aşgabatdaky syýasata hem öz täsinini ýetirýär we bu ýagdaý mekdeplerde sapak geçýän taryh mugallymlarynyň hem 'elini we dilini baglady".

H.Hally bu ýagdaýyň uly güýç bilen işlejek, halkyna, ýurduna beýik hyzmat etjek taryhçylaryň, ýazyjylaryň, kinoçylaryň hem 'goluny baglandygyny' aýdýar.

Azatlygyň habarçylary bilen gürleşen ýaşaýjylar türkmen mekdeplerinde geçilýän taryh sapaklarynda taryhyň ýoýulmagynyň dowam etdirilýändigini aýdýarlar.

“Beýleki post-sowet ýurtlaryndakydan tapawutlylykda, Türkmenistanda taryhda bolan zatlary aýan etjek arhiwleri açmaýarlar, hatda açmak hem islemeýärler” diýip, radionyň bir söhbetdeşi aýtdy. Bu ýagdaý, onuň pikiriçe, mekdeplerde geçilýän taryh sapaklarynda taryhyň ýoýulmagyna sebäp bolýar.

Taryh bilen gyzyklanýan okuwçylaryň, studentleriň aýtmaklaryna görä, okuw jaýlarynda ulanylýan taryhy maglumatlar soňky ýyllarda tas her ýyl diýen ýaly üýtgedilýär.

“Mysal üçin, taryh sapaklarynda Rus patyşalygynyň Türkmenistana eden çozuşlary, bu toprakda alyp baran uruşlary barada gürrüň berilmän, türkmenler Russiýa imperiýasynyň düzümine öz razylygy bilen giren ýaly gürrüň edilýär, “kän bir gozgalaň bolmady” diýip aýdýarlar, ...çagalaryň aňyny bulaşdyryp, SSSR döwrüni gowy edip görkezmek synanyşyklary hem edilýär” diýip, söhbetdeşimiz aýtdy.

“Okuwçylar mugallymalardan sapaklarda getirilýän taryhy maglumatlaryň 1990-njy ýyllarda çykarylan kitaplarda getirilen maglumatlar bilen deň gelmezliginiň sebäbini sorasa, olar maglumatlar üýtgäp durýar’ diýip jogap berýär, mugallymlar ol ýa-da beýleki taryhy waka barada öz pikirlerini, dürli çeşmelerde berilýän dürli maglumatlary aýtjak ýa düşündirjek bolup jan çekmeýärler.

Azatlygyň habarçysy bilen anonimlik şertinde gürleşen student “haýsy taryhy maglumata ynanmaly, olaryň haýsysy dogry?” diýlen soraga, “Iň soňky çykan taryh kitabynda aýdylýanlar dogry” diýip, gysga jogap berdi, öz pikirini aýtmakdan saklandy.

1980-nji ýyllaryň ortalarynda, 1990-njy ýyllaryň başynda taryh bilen, ýurduň özbaşdaklyga çenli geçen agyr ýoly bilen gyzyklanýan adamlar, bu barada pikirini aýdýan, jedelleşýän, çekişýän ýaşulular we orta ýaşly raýatlar, dürli kärdäki we dürli kitaplary, makalalary okan adamlar has kän ýalydy, emma indi beýle däl diýip, Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen ýerli synçy aýtdy.

Azatlygyň habarçysy öz gürleşen adamlarynyň aýdýan sözlerine salgylanyp, soňky ýyllarda ýurtda Russiýanyň propagandasynyň täsiriniň güýçlenen ýaly bolup görünýändigini öňe sürdi.

"Adamlar “Taryhda Russiýa döwleti Türkmenistany gorady, eger şol ýurt basyp almadyk bolsa, bize Eýran, Owganystan çozardy” diýen düşündirişden kän aňryk geçmejek bolýarlar, täze nesil esasan şu düşünje bilen ýetişdiriljek bolýan ýaly" diýip, rus propagandasynyň täsiriniň güýçlenýändigi baradaky pikir bilen ýerli synçy hem razylaşdy. Ýöne ol rus propagandasynyň esasan dar düşünjeli, başga çeşmelerden habarsyz we kitap, gazet-žurnal okamadyk adamlara täsir eýdýändigini, ýöne bu hili adamlaryň soňky ýyllarda köpelendigini hem sözüne goşdy.

Azatlygyň habarçysy öz gürleşen adamlarynyň arasynda “repressiýa” sözüne düşünmekde kynçylyk çekýän adamlaryň hem bolandygyny, köp adamyň onuň nämedigini anyk bilmeýändigini belledi.

Bir ýaşulynyň sözlerine görä, repressiýa döwründe ilki diňe dindarlary, Alla ynanýan adamlary ýygnapdyrlar. “Ene-atalarymyz namazlaryny gizlenip okardylar, gaty gorkýardylar, sebäbi kimiň öýünde Gurhan bolsa, şol öýüň erkegini sürgün edipdirler” diýip, ýaşy bir çene baran adam aýtdy.

Radionyň söhbetdeşleriniň biri adamlaryň oglanjyklary sünnet etdirmekden hem gorkandyklaryny, şu sebäpden sünnetiň gijelerine etdirilen halatlarynyň hem bolandygyny, sünnet toýlarynyň edilmändigini ýa diňe bir maşgalanyň agzalary bolup, gizlin edilendigini gürrüň berdi.

Beýleki bir söhbetdeşimiz adam ýogalanda, oňa jynaza okatmakdan hem gorkulandygyny, sebäbi jynaza okatmak bolanok’ diýen ýaly gürrüňleriň hem bolandygyny öňe sürdi.

Repressiýa, ýaşaýjylaryň käbiriniň pikirine görä, ýönekeý adamlara däl, esasan han-begleriň, baý adamlaryň nesline degişli çäre bolup, olar sürgün edilipdir.

Ýöne repressiýa türkmen däp-dessurlaryna uýýan adamlaryň ählisine degişli bolupdyr, sebäbi köneden gelýän ata-baba däpleri ulanmak gadagan edilipdir diýip pikir edýän ýaşaýjylar hem bar.

Sowetleriň zorlukly kollektiwleşdirmesi döwründe görlen ýowuz repressiw çärelerden esasan ýokary okuw jaýlarynda okan ýa mekdebi gowy tamamlan adamlar habarly, soňky nesilleriň arasynda kolhoz gurluşygy döwürlerini, mal-garaly adamlara edilen sütemi göz öňüne getirip bilmeýän adam kän diýip, habarçy aýtdy.

“Gapyňda artygrak malyň bolsa-da, soraga çekipdirler. Adamlaryň sanlyja maldan artyk mal saklamagy gadagan edilipdir. Eger mallary guzlasa, adamlar artyk malyny kolhozyň hasabyna geçirmeli edilipdir” diýip, habarçy bilen anonimlik şertinde gürleşen ýaşaýjy öz ene-atasyndan eşiden zatlaryny gürrüň berdi.

Habarçynyň taryhy ýoýmak ýa-da arhiwleriň açylmagyna, bolan zatlar barada açyk gürrüň edilmegine ýol bermezlik kime we näme üçin gerek diýen soragyna bir ýaşaýjy şeýle jogap berdi:

“Şu günki günde Türkmenistanyň hökümetine taryhy ýoýmaklyk, meniň pikirimçe, öz bähbidi üçin çykalga bolup görünýär.Sebäbi Türkmenistanyň alyp barýan politikasy şol SSSR döwrüniň politikasy.Hatda arasynda, Stalin döwrüniň repressiýasyndaky ýaly, adamlar türmelere sürgün edilýär.

Edil şol döwürdäki ýaly ýalan töhmetler bilen adamlar basylýarlar. Şeýle sorag gelip çykýar: Staliniň repressiýasyndan näme üýtgeşikligi bar?” diýip, radionyň söhbetdeşi pikirini sorag bilen jemledi.

Arhiwleriň açylmagy, gizlin ýazgylaryň aýan edilmegi näme üçin gerek?

Arhiw maglumatlary diýlende, hünärmenleriň aýtmaklaryna görä, öwrenilýän döwür barada bir dokumentiň, ol ýa-da beýleki resminamada aýdylan iki agyz jümläniň hem bütin bir döwür barada netije çykarmakda oýnaýan roluna kembaha garamak bolmaz.

Şu aralykda hukuk goraýjy Farid Tuhbatullin türkmençe kän agzalmaýan sözi, “türkmen golodomory” sözbaşysyny ulanyp, sosial ulgamda arhiw dokumentiniň suratyny paýlaşdy. Onuň sözlerine görä, bolşewikler 1930-njy ýylda açlyk ýagdaýyna düşen ýerli ilaty çörek bilen üpjün edip bilmän, soňkusy ýyl açlykdan kösenýän türkmenleriň sanyny goşunyň kömegi bilen azaltmak kararyna gelipdirler.

“Gozgalaňçylaryň garşysyna “Garagum” operasiýasy başlandy. Azerbaýjandan we Özbegistandan goşun bölümleri getirildi, bronly tehnika we awiasiýa ulanyldy, müňlerçe adam, şol sanda garrylar, aýallar we çagalar öldürildi” diýip, hukuk goraýjy ýazdy.

Azatlyk radiosy Garagumda, öz guýularynyň başynda wepat bolan bolşewik pidalary barada birnäçe gezek gürrüň beripdi, ýöne bu gyrgynçylygyň türkmen açlygy’ tarapyna anyk nazar aýlamandy. Ýogsa, sowetleriň zorlukly kollektiwleşdirme çärelerine garşy çykan adamlaryň bir niýetiniň ellerindäki mallaryny, gallalaryny goramak bolandygy öz-özünden hem düşnükli.

Şol bir wagtda, F.Tuhbatulliniň paýlaşan arhiw ýazgysynyň mazmuny sowetleriň Türkmenistanyň Bäherden we Gazanjyk etraplarynda ýaşaýan daýhanlary, maldarlary gyt harytlar, hususan-da çörek bilen üpjün edip bilmän, ilatyň, şol sanda batrak-garyp diýilýän gatlagyň wekilleriniň hem gozgalaň turuzmagyndan uly alada galandygyny görkezýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda 'unudylýan' döwlet terrorynyň başlananyna 80 ýyl boldy
Türkmenistanda unudylýan’ döwlet terrorynyň başlananyna 80 ýyl boldy
Okyjy: Türkmenistan döwleti 99 ýaşady
Türkmenistanyň Sowet mirasy: Lenin heýkeli we Sowet aňyýetiniň köpýyllyk täsiri
Aklanan Hojanepes Çaryýew näme üçin ýatlanmaýar?
“Ölüsini sylamadyk, dirisini sylamaz….” (Halypa ýazyjy,zehinli jurnalist we uruş weterany Rahym Esenowyň ýagty ýadygärligine)