“Geçiş Etabynda Siriýanyň Halkyna Goldaw Bereris”

“Geçiş Etabynda Siriýanyň Halkyna Goldaw Bereris”

Prezident R. T. Erdogan Ministrler kabinetiniň maslahatyndan soň metbugata beýannama berdi.

8-nji dekabrda Siriýada Baas ulgamynyň agdarylmagyndan soň dünýäniň ünsüniň Siriýa gönügendigini nygtan Erdogan “Siriýanyň dogany hökmünde geçiş etabynda siriýanyň halkyna goldaw bereris” diýdi.

“Zalym hökümede garşy alyp baran söweşinde üstünlik gazanan siriýanyň halkynyň ýeňiş gazanmagy we üstünliklerini dowam etdirmegi üçin ähli taraplaýyn goldaw bereris” diýen Erdogan, “Türkiýe, Siriýanyň syýasy we territorial bitewiliginiň goralmagyna uly ähmiýet berýär we bu meselede egilşik etmez” diýdi.

Prezident R.T.Erdogan “Sebitimizi ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-den, hiç kime söz azatlygyny we ýaşamak hukugyny bermeýän bu ganhor toparlardan saplarys.Siriýada ekstermist terror guramasyna garşy alyp barýan operasiýalarymyz dowam edýär.

Operasiýalarymyzda asuda ilata zeper ýetirilmezligi üçin ünsli çemeleşýäris.Siriýanyň we sebitimiziň gelejeginde DEAŞ we PKK bilen birlikde ähli terror guramalaryna ýer ýok.PKK-ny we bölümlerini dolulygyna ýok ederis” diýdi.

Ýene degişli makalalar

Terrora Uly Zarba Urulýar
Hakan Fidan TRT World kanalyna beýanat berdi
Siriýadan Türkiýä Taryhy Sapar Guraldy
Terrorçylar Zehra Sebat Bilen Serhat Erdogan Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Ýene-de 6 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Ýene-de 15 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Terrorçy Şiraz Ömer Siriýada Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi