Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň Metbugat sekretary Mariýa Zaharowa Türkiýe-Siriýa gatnaşyklarynyň kadalaşmagy üçin geçirilýän gepleşikleri sebitde durnuklylygyň möhüm faktory hökmünde kabul edýändiklerini beýan etdi.
Zaharowa “Ria” habarlar gullugyna beren interwýusynda Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen Daşary işler ministri Hakan Fidanyň duşuşma ähtimallygy hakynda-da beýannama berdi.
Duşuşygyň wagty kesgitlenenden soň habar beriljekdigini aýdan Zaharowa; “Biz türk hyzmatdaşlarymyz bilen aragatnaşyga taýýar we açyk, köpugurly gatnaşyklarymyzy dowam etdireris” diýdi.
Ministrleriň arasynda ilkinji telefon arkaly söhbetdeşlgiň geçirilendigini ýatladan Zaharowa, gün tertibiniň belli ugurlarynyň kesgitlenendigini nygtady. Mariýa Zaharowa olaryň Gara deňiz galla başlangyjy bilen bagly meseleleriň çözülmegi, Türkiýäniň ýakynda goňşulary Siriýa we Ermenistan bilen gatnaşyklaryny kadalaşdyrmak hem-de sebitde terrorizme garşy meseleleridigini beýan etdi.
Türkiýäniň, Siriýanyň, Eýranyň we Russiýanyň arasynda dörttaraply formatda geçirilen Türkiýe-Siriýa gatnaşyklarynyň kadalaşmagy boýunça geçirilen maslahatlary ýatladan Zaharowa; “Sebitdäki durnuklylyk üçin möhüm bolan Türkiýe-Siriýa gatnaşyklarynyň kadalaşmagy taýdan gowy netijler alyndy. Türkiýe-Siriýa gepleşiklerini sebitdäki durnuklylygyň esasy faktory we Siriýadaky meselelerin çözülmeginde möhüm faktor hökmünde kabul edýäris” diýdi.