Geçiler nädip daga dyrmaşýarlar?

Geçiler gaýalara we beýleki beýik ýerlere dyrmaşmakda ökde jandarlardyr. Ýabany dag geçileri bolsa, 60 dereje dikligindäki depelere-de dyrmaşyp bilýärler.Bu jandarlaryň bedenleriniň agyrlyk merkezleriniň ýere ýakyn bolmagy, beden we toýnaklarynyň gurluşy deňagramlylygyny ýitirmän, beýige dyrmaşmaga mümkinçilik berýär.

Dag geçileriniň toýnaklarynyň daşky bölegi gaty, dabany ýumşak we maýyşgak häsiýetli bolýar. Şol sebäpli kert gaýalardaky kiçijik çykgytlara ýa-da oýuklara aňsatlyk bilen ýapyşyp bilýärler.Bu ugurdaky iň giňişleýin ylmy barlag 2016-njy ýylda geçirilipdir. “Zoology” žurnalynda neşir edilen ylmy makalada Demirgazyk Amerikadaky Rokki daglarynyň Kanadadaky böleginde ýaşaýan ak dag geçisiniň (“Oreamnos americanus”) 45 derejelik ýapgyda çykýan pursatlary ýazga alnyp, düýpli öwrenildi.

Hünärmenler bu jandaryň, esasan, bökýän pursatlaryna üns berdiler.Geçileriň bökmek üçin ýokary galanynda, yzky aýaklarynda durup, öň aýaklaryny bedenine ýakyn tutýandygy anyklandy.Hünärmenler dag geçileriniň dik ýapgytlara çykanynda deňagramlylygyny saklap, ýokarlygyna hereket edip bilýändigini gördüler.

Olaryň boýnundaky muskullarynyň dyrmaşmaga ýardam edýändigi çaklanylýar.

Ýene degişli makalalar

Balide saglygy dikeldilen delfinler ummana goýberildi
“Real”“Ýunaýted” 11-nji gezek
“REAL MADRID” kuboklary yzly-yzyna gazanýar
IŇLIS KLUBLARY ÇÄRÝEK FINALYŇ BOSAGASYNDA
FUTBOL BAÝRAMÇYLYGY DOWAM EDÝÄR
Futbol täzelikleri