Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Baş direktory Tedros Adhanom Gebreýesus täze görnüş koronawirus ýaly ýüze çykmagy ähtimal pandemiýalara garşy göreşmek üçin taýýarlanjak ylalaşygyň “ýalanlar we gümana teoriýalar” sebäpli çykgynsyz ýagdaýa düşendigini aýtdy.
Gebreýesus Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilen Bütindünýä hökümet sammitinde çykyş etdi.
Kowid-19 ýaly global pandemiýalardan goranmak üçin BSGG-na agza döwletleriň wekillerinin 2021-nji ýylyň dekabrynda Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde maslahat geçirendigini ýatladan Gebreýesus, taraplaryň Ženewada ýüze çykmagy ähtimal pandemiýalara garşy çäre görmek boýunça ylalaşandygyny, emma agza döwletleriň “ýalanlar we gümana teoriýalar” sebäpli ylalaşyga gol goýmandygyny beýan etdi.
Gebreýesus BSGG-nyň agza döwletleri gönükdirjekdigi hakynda gümana teoriýalaryň öňe sürülendigine ünsi çekip, gazanyljak ylalaşygyň BSGG-na haýsydyr bir döwlete garşy ygtyýar bermejekdigini aýtdy.
Kowid-19 ýaly tapawutly pandemiýalaryň ýüze çykyp biljekdigini beýan eden Gebreýesus, dünýäniň oňa taýýarlykly däldigine aýtdy.
Gebreýesus gümana teoriýalaryň adamyň durmuşyna howp salýandygyny duýdurdy.