Gebreýesus Gazada Öýlerinden Jyda Düşenleriň 90 Göteriminiň Çadyrlarda Ýaşaýandygyny Aýtdy

Gebreýesus Gazada Öýlerinden Jyda Düşenleriň 90 Göteriminiň Çadyrlarda Ýaşaýandygyny Aýtdy

Gebreýesus BSGG-nyň hepdelik metbugat ýygnagynda gün-tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakynda maglumat berdi.

Gazada Ysraýylyň hüjümleri sebäpli bir ýyl ozal öýlerinden jyda düşenlerin tas ählisiniň döwlet edaralarynyň binalarynda ýa-da garyndaşlarynyň ýanynda ýaşaýandygyny ýatladan Gebreýesus; “Häzirki wagtda Gazada öýlerinden jyda düşenleriň 90 göterimi çadyrlarda ýaşaýar. Bu, olary hassalyklardan goragsyz goýýar” diýdi.

Gebreýesus gyş paslynyň gelmegi bilen sowuk howa şertleriniň, ygalyň, howpsuzlygyň we ýetersiz iýmitlenmäniň hasam agyrlaşmagyna garaýyşýandygyny aýtdy.

Ysraýylyň Gazanyň demirgazygyndaky gabawynyň dowam edýändigine ünsi çeken Gebreýesus; “Gabaw ýorgan, ýangyç we azyk ýaly esasy serişdeleriň gelmegini bökdeýär, olaryň ählisi onsuz hem ýeterlik däl” diýdi.

Baş sekretar BSGG-nyň we hyzmatdaşlarynyň şu hepde Gazanyň demirgazygyna üç günlük sapar edendigini nygtap, toparyň 5 hassahana we belli saglyk üpjünçiligi desgalaryna baryp görendigini aýtdy.

Sebitde köp sanly trawmatiki hassanyň we bejergä mätäçlik duýýan hroniki näsagyň bardygyny beýan eden Gebreýesus; “Ýönekeý dermanlarda gytlyk, saglygy goraýyş işhärleriniň arasynda uly ruhy çökgünlik bar” diýdi.

Ýene degişli makalalar

NATO, Hataýda 4 Müň Adamlyk Çadyr Şäherçe Gurýar
Bangladeşde Bolan Ýangynda 2 Müň Çadyr Ýandy
Germaniýaly ministrler Kahramanmaraş welaýatynda saparda bolýarlar
Ýaşaýyş Jaýlaryny we Şäherlerimizi Täzeden Gurarys”
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Ýer Titremesinden Soň Duýgudaşlyk Ýüzlenmeleri Gelmäge Dowam Edýär