GDA-nyň Hökümet baştutanlarynyň Aşgabatda geçiriljek maslahatyna taýýarlyk işleri maslahatlaşyldy

GDA-nyň Hökümet baştutanlarynyň Aşgabatda geçiriljek maslahatyna taýýarlyk işleri maslahatlaşyldy

21-nji maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde GDA-nyň çäklerinde geçiriljek ýokary derejeli ýygnaga taýýarlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen türkmen paýtagtyna gelen GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedew bilen duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy hbar berýär.

Şeýlelikde, duşuşygyň barşynda taraplar 24-nji maýda Aşgabat şäherinde GDA-nyň agza döwletleriniň Hökümet baştutanlarynyň geňeşiniň geçirilmegi bilen baglanyşykly guramaçylyk meselelerine garadylar.

Gepleşigiň dowamynda GDA-nyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygy beýan edildi. Hususan-da taraplar bilelikdäki çäreleriň tertibine, GDA-nyň çäklerinde şu ýylyň dowamynda iň ýokary we ýokary derejelerde geçiriljek ýygnaklaryň gün tertibine seretdiler.

S.Lebedew Türkmenistanyň GDA-a işjeň gatnaşmagynyň agza döwletleriň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm ähmiýetini belläp, Türkmenistan bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmegiň Arkalaşygyň ileri tutýan ugurlarynyň biri bolmagynda galýandygyny nygtady.

Ýene degişli makalalar

GARAŞSYZ DÖWLETLERIŇ ARKALAŞYGYNYŇ HÖKÜMET BAŞTUTANLARYNYŇ GEŇEŞINIŇ MEJLISI
Halkara synçylar saýlawlar boýunça jemleýji brifing geçirdiler
GDA-nyň Baş sekretarynyň Türkmenistana sapary başlandy
26-27-nji dekabrda GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammiti geçiriler
Merkezi saýlaw toparynyň başlygy GDA-nyň synçylar toparynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
2022-nji ýylda satylan iň gymmat ulaglar