Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Döwlet baştutanlarynyň maslahatyna Gazagystanyň Prezidenti Kasym Jomart Tokaýew ýolbaşçylyk edýär.
Köpçülikleýin häsýetde düşülen suratdan soň başlan maslahata Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Belarussiýanyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Gazagystanyň Prezidenti Kasym Jomart Tokaýew, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Japarow, Täjigistanyň Prezidenti Imomali Rahmon, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, Özbegistanyň Prezidenti Şewket Mirziýoýew, Ermenistanyň Premýer ministri Nikol Paşinýan we GDA-nyň Dolanşyk komitediniň başlygy Sergeý Lebedew gatnaşýar.
Sammitde GDA-nyň 2023-2025-nji ýyllar üçin täzelenen terror we ekstremizme garşy göreş programmasy bilen birlikde, Kollektiw howpsuzlyk ylalaşygy guramasynda GDA-na synçy statusynyň berilmegi we GDA-na agza ýurtlaryň arasynda korrupsiýa garşy göreşde hyzmatdaşlyk ylalaşygyna gol çekilmegi ara alynyp maslahatlaşylar.