GDA-nyň Bişkekdäki sammiti birnäçe resminama gol çekilmegi bilen tamamlandy

13-nji oktýabrda Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Japarowyň ýolbaşçylygynda Bişkekde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi.

Duşuşyga Azerbaýjanyň Prezidenti Ylham Alyýew, Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon, Türkmenistan Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, GDA-nyň ýerine ýetiriji komitetiniň baş sekretary Sergeý Lebedow gatnaşdy.

Sammite gatnaşyjylar dar we giňeldilen formatda maslahat geçirip, onuň barşynda GDA-nyň çäklerindäki özara gatnaşyklaryň möhüm meseleleri barada pikir alyşdylar.

Sammitden soň GDA ýurtlarynyň ýolbaşçylary 16 resminama gol çekdiler. Sanly tehnologiýalar ulgamynda döwlet dolandyryş ulgamlaryny sazlaşdyrmak barada, köp polýarly dünýädäki döwletara gatnaşyklar ýörelgeleri barada, adam hukuklary we raýatlaryň din azatlygy hukugyny goramak barada we milletara aragatnaşyk dili hökmünde rus dilini goldamak we wagyz etmek baradaky 4 beýanata gol çekildi.

Howpsuzlyk pudagy bilen baglanyşykly iki resminama hem gol çekildi. Hususan-da, jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna töwekgelçiligi bahalandyrmak boýunça halkara merkezini döretmek we kazyýet işi babatynda GDA-nyň utgaşdyryjy geňeşini döretmek baradaky şertnama gol çekildi.

2024-nji ýylda GDA-nyň başlyklygynyň Russiýa tarapyndan amala aşyryljakdygy we GDA-nyň indiki sammitiniň 2024-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda Moskwada geçiriljekdigi barada kararlar kabul edildi.

Ýene degişli makalalar

Ýewraziýa ýurtlarynyň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Türkiýe Bilen Gyrgyzstanyň Arasyndaky Gatnaşyklar Pugtalanýar
Prezident Erdogan Wengriýa Gitdi
Türki döwletleriň gün-tertibindäki möhüm wakalar
Türki Döwletleriň Gün Tertbindaki Wakalar
Ýewraziýa ýurtlarynyň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Wengriýanyň Premýer-ministri Orban Türk Dünýäsiniň Ýokary Ordeni Bilen Sylaglandy