GDA-na agza ýurtlaryň ýolbaşçylarynyň sammiti, Russiýanyň döwürleýin başlyklygynda Kreml köşgünde ilki dar görnüşde, soňra wekiliýetleriň gatnaşmagynda giň görnüşde geçirildi.
Sammite öý eýesi Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen birlikde, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Gazagystanyň Prezidenti Kasym Jomart Tokaýew, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Japarow, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow, Özbegistanyň Prezidenti Şewket Mirziýoýew, Belarussiýanyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon, Ermenistanyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan we GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedew gatnaşdy.
Sammitde 11 resminama gol çekildi. GDA-na agza ýurtlarynyň ýolbaşçylary, öňümizdäki ýyl doljak Sowet Soýuzynyň II Jahan urşunda Nasist Germaniýasyny ýeňmeginiň 80 ýyllygy mynasybetli umumy ýüzlenme çap etdiler.
Liderler umumy ýüzlenmede, GDA-na agza ýurtlarynyň halklary bilen dünýädäki halklara, faşizmiň we nasizmiň ýaňadandan janlanmagyna ýol bermezlik, täze bir dünýä urşuny başlatmak babatyndaky synanyşyklaryň öňüni almak barada çagyryş berdiler.
Russiýanyň Prezidenti Putin, maslahatda eden çykyşynda, GDA-ny gyzyklandyrýan gündelik meseleleri, sebit we halkara meseleleri ara alyp maslahatlaşandyklaryny aýtdy. GDA-nyň ösýändigini bellän Putin, söwda pudagynda milli pul birlikleriniň ulanylyşy bilen daşary faktorlardan garaşsyz maliýe ulgamynyň döredilmegi tapgyrynyň hem dowam edýändigini beýan etdi.