15-nji oktiýabrda GDA liderleriniň onlaýn mejlisi geçirildi.Oňa gatnaşan prezident Gurbanguly Berdimuhamedow öz çykyşynda ulag,senagat, söwda, innowasiýa pudaklaryny,şol sanda, GDA-ny ykdysady taýdan ösdürmek barada kabul edilen 2030-njy ýyla çenli Strategiýalaryň çäginde ýangyç-energiýa toplumyny ösdürmäge gyzyklanma bildirdi diýip TDH habarlar gullugy bildirýär.
Hususanda, Berdimuhamedow ulag-geçiş düýp gurluşlaryny döredip, energiýa akdyrylyşyny giňeltmegi we täze gatnaşyklar ýollaryny gurmagy öňe sürdi.
Merkezi Aziýa we Kaspiý sebitlerinde ulag-lojistika merkezlerini döretmek babatda gürrüň eden Berdimuhamedow owal bu teklibi GDA liderleriniň goldandygyny nygtady we “bu meýilnamalara zerur itergini we anyklaşdyrmany bermäge” çagyrdy.
Ol Owganystandaky ýagdaýlar barada hiç zat aýtmady.
Emma,bu mesele Russiýanyň prezidenti Putiniň çykyşyndaky esasy mowzuklaryň biri boldy.Onuň sözlerine görä, GDA döwletleriniň serhetleriniň ýakynynda “ekstremist we terrorist toparlaryň jemlenmesi açyk görünýär”: “Yslam döwleti”, “Özbegistanyň yslami-i hereketiniň”, “Jammati Ansarullah”, “Al-Kaýda”we beýleki onlarça toparlar.
Putin talyplar bilen gatnaşyk etmek zerur, emma olary resmi taýdan ykrar etmäge howlukmaly däl diýip, düzülen wagtlaýyn hökümete owgan jemgyýetiniň ähli toparlary girmeýär diýip sözüne goşdy.
Rus kärdeşiniň pikirlerine raýdaşlyk bildiren Täjik prezidenti Emamoli Rahmon BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň terorçy topar diýip ykrar eden “Talybanyň” häkimiýet başyna geçmegi GDA-nyň howpsuzlygy üçin möhüm wehim diýip hasaplaýar.
Mejlise gatnaşan beýleki liderler Owganystana ynsanperwerlik kömegini etmäge çagyrdylar.
Gazagystanyň prezidenti Kasym-Jomart Tokaýew Owganystana ynsanperwerlik kömegini etmek babatda lojistik merkezi döretmäge we Alma Atyda BMG-niň sebitara merkezini döretmäge çagyrdy.The post GDA liderleriniň mejlisinde Berdimuhamedow ulagy ösdürmäge çagyrdy, Putin bolsa, Owganystandaky terroristler barada duýdurdy first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.