GDA: Belarusda howa salkynlady, Ermenistanda sowady

GDA: Belarusda howa salkynlady, Ermenistanda sowady

Moskwada howa gyzýar, termometrler 33 gradusy görkezýär diýip, MIR 24 ýazýar.

Belarusda ýagyş ýagansoň, howanyň derejesi 23 gradusa düşdi. Sowuk howa akymy ýurduň uly bölegine ygal alyp geldi, emma howa salkyn bolsa-da, adamlar ýerli suw howdanlaryna ýygnanýarlar. Ýurduň iň uly Naroç köli köp adamly, bu ýere adamlar diňe suwa düşmek üçin däl-de, guwlary synlamak üçin hem gelýärler. Guşlar adamlardan gorkmaýarlar, olar kenara arkaýyn ýüzüp gelýärler.

Ermenistanda-da, ýagyş, şemal gatyşykly çabga we biraz sowuklyk duýulýar.Tomsuň ikinji aýyny ermenistanlylar ygal bilen garşylaýarlar. Şeýle howada howdanlaryň suwy hem gyzmaýar.Sewan kölünde diňe fiziki taýdan taplanan adamlar suwa düşmäge aýgyt edip bilýärler.

Suwuň temperaturasy 17 gradus, howa 19 gradus töweregi maýyl.Güýçli şemaly-da hasaba alsaň, howa asla yssy däl.Halas edijiler suwa düşmekden saklanmagy maslahat berýärler.

Hepdäniň dynç günleri howa biraz gyzar diýip, olar çaklaýarlar.

Ýene degişli makalalar

Hindistanyň günortasyny sil basdy
Gruziýanyň Prezidenti Parlament saýlawynyň netijesini kabul etmejekdigini beýan etdi
Güýçli çabga Minskiniň köçelerini we metrony basdy
Luizianada ýangyn tutaşdy
Klişiçiýiwka Obasy Rus Basyp Alyşlygyndan Halas Edildi
Dakkada bazarda dörän ýangynda 100-den gowrak dükan ýandy