Gazprom tebigy gazyň gorlarynyň 100 ýyla ýetjekdigini habar berdi

Gazprom tebigy gazyň gorlarynyň 100 ýyla ýetjekdigini habar berdi

Russiýanyň Gazprom döwlet edarasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Wiktor Zubkow kompaniýanyň garamagyndaky tebigy gazyň ätiýaçlyk gorlarynyň 100 ýyla ýetjekdigi barada habar berdi diýip, MIR 24 ýazýar.

Geçen ýylyň ahyryna çenli Gazprom toparynyň gazyp alan gazynyň möçberleri 35 trillion kubmetre deň boldy, bu günki gazymyzyň ätiýaçlyk gorlary 100 ýyla ýeter diýip, Zubkow nygtady.

Ol şeýle-de edaranyň dünýä kompaniýalarynyň arasynda gaz gorlary babatda öňdäki orny eýeleýändigini sözüniň üstüne goşdy.

Ýeri gelende aýtsak, Gazprom holdinginiň başlygy Alekseý Milleriň sözlerine görä, kompaniýa käbir ýataklarda gazyň çykarylyşyny 2141-nji ýylda ýa-da ondan soňra tamamlar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan Russiýa gaz eksportyny bes etdi. Bu Özbegistanyň ýangyç ýetmezçiligi kynçylyklaryny çözmäge kömek edermi?
Türkmenistan 2023-nji ýylda özüniň tebigy gaz eksport ugurlaryny giňeltmek tagallalaryny ileri tutdy
Gazprom Eýranyň Türkmenistanyň gatnaşmagynda gaz merkezini döretmek baradaky teklibini öwrener
Özbegistan Russiýadan gazy uzakmöhletleýin esasda satyn almakçy
Russiýa Özbegistana tebigy gaz satar
Gazpromyň başlygy Miller Tährana bardy
Öñki “ygtybarsyz hyzmatdaş”. Russiýa Türkmenistany gaz oýunlaryna iterýär, bu Aşgabat üçin amatlymy?