
Eýranyň Türkmenistanyň, Russiýanyň we Kataryň gatnaşmagynda gaz merkezini döretmek baradaky teklibine baha bermek we öwrenmek gerek diýip, Russiýanyň wise-premýeri Aleksandr Nowak RT Arabic teleýaýlymyna beren interwýusynda aýtdy. Bu barada Türkmengaz döwlet konserniniň resmi saýtynda habar berildi.
Şeýle-de, Russiýanyň wise-premýeri häzirki wagtda türk hyzmatdaşlarynyň Gazprom tarapyndan Türkiýede gaz merkezini döretmegiň taslamasy boýunça taýýarlanan ýol kartasyny gözden geçirýändiklerini aýtdy.
Geçen hepde Gazpromyň ýolbaşçysy Alekseý Miller Eýranyň nebit ministri, NIOC-yň Müdirler geňeşiniň başlygy Jawad Ouji we Türkiýäniň energetika we tebigy baýlyklar ministri Alparslan Baýraktar bilen duşuşdy. Duşuşyklar 11 — 13-nji oktýabrda Moskwada geçirilen Rus energetika hepdeligi — 2023 halkara forumynyň çäginde geçdi.