
“Gazpromdan” berilen ýazmaça beýannamada Germaniýanyň “Siemens” firmasyna abatlamak üçin ugradylan käbir gaz kompressorlarynyň henize çenli yzyna gelip gowuşmandygyna üns çekildi.
Şol sebäpli diňe üç kompressoryň ulanylyp bilinjekdigine üns çekilýän beýannamada; “Demirgazyk Akym turga geçirijisine gaz üpjünçiligi meýilleşdirilen günlük 167 milliom metr kubuň ýerine häzirki wagtda 100 million metr kuba çenli beriler” diýilýär.
Demirgazyk Akym, Ýamal-Ýewropa turba geçirijisi we Ukrainada turba geçirijilerin ýany bilen rus gazyny Ýewropa akdyrýan esasy ugurlardan biri.
Firmadan berilen ozalky ýazmaça beýannamada Ýamal-Ýewropa geçirijisinden gaz akdyrmagyň bes edilendigi, Ukrainanyň üstaşyr akdyrylýan gazyň hem ýarysyna çenli azaldylandygy habar berilipdi.