Gazprom 3 Gün Möhlet Bilen Tebigy Gazyň Kesiljekdigini Habar Berdi

Gazprom 3 Gün Möhlet Bilen Tebigy Gazyň Kesiljekdigini Habar Berdi

Rus energetika firmasy Gazprom, Demirgazyk Akym turba geçirijisinden, adaty abatlaryş işleri sebäpli 31-nji awgustdan başlap 3 gün möhlet bilen tebigy gazyň kesiljekdigini habar berdi.

Gazpromdan berlen beýannamada, Portowaýa bekedinde tehniki abatlaýyş işleriniň geçiriljekdigi nygtaldy.

Beýannamada Siemens firmasynyň hünärmenleri bilen birlikde geçiriljek abatlaýyş işleri sebäpli 31-nji awgustdan 2-nji sentýabra çenli Demirgazyk Akym turba geçirijisinden 3 gün möhlet bilen tebigy gazyň kesiljekdigi bellenildi.

Beýannamada, abatlaýyş işleriniň tamamlanmagyndan soň hiç hili näsazlyk ýüze çykman halatynda günde 33 million kub metrlik gazyň akdyryljakdygy ýatladyldy.

Ýene degişli makalalar

“Aýdyň gijeler” kompaniýasy kabel önümçiligini ýola goýdy
Ýewropada gazyň müň kub metriniň bahasy 2200 dollardan geçdi
Gazprom Akdyrylýan Tebigy Gazyň 40 Göterim Azaljakdygyny Beýan Etdi
Demir ýol taslamasyny durmuşa geçirer
Müsür tiz otlular üçin 2 müň kilometrlik demir ýol gurmakçy
Brendleriň 200-den gowragy Russiýa dolanmak isleýärler
Işewürleriň işi ileri