“Gazprom” 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan türkmen gazyny satyn almagyny dikelder

9-nji oktýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň hökümet diwanynyň başlygy Konstantin Çuýçenkonyň we “Gazpromyň” başlygy Alekseý Milleriň duşuşygy boldy.

Gepleşikleriň baş temasy, gaz pudagynda 2028-nji ýyla çenli hyzmatdaşlyk etmek barada 2003-nji ýylda gol çekilen ylalaşygyň çäginde, “Gazprom” tarapyndan türkmen gazynyň 2019-njy ýytlyň 1-nji ýanwarynan gaýtadan satyn alnyp başlanmagy barada boldy.

Mundanam başga, TDH-nyň ýazmagyna görä, rus tarapy gaz işläp berjermek we gaz-himiýa pudagyny ösdürmek baradaky bilelikdäki taslamalara gyzyklanma bildirdi.

RF-nyň hökümet diwanynyň başlygy Konstantin Çuýçenko

Konstantin Çuýçenkonyň gepleşikleriň netijeleri barada türkmen neşiri bilen söhbetdeşlikde aýdyşy ýaly: “şu ýylyň dekabrynyň aýagynda “Gazpronyň” “kommersiýa kanikuly” diýilýäni tamam bolýar. Şeýlelikde, rus kompaniýasy häzirki wagtda, hojalyk suýbekti hökmünde, türkmen tarapy bilen özara gatnaşyklaryny mundan aňryk hem ösdürmek planyndan maksada okgunly işleýär Moskwa dolanyp baryp, olaryň Türkmenistanyň territoriýalarynda iri energiýa taslamalaryna gatnaşmak mümkinçiliklerini has işjeň öwrenmekleri üçin, biz rus kompaniýalaryna degişli teklipleri hödürläris. Şol sanda gazy çuňňur gaýtadan işlemek, täze önümçilikleri döretmek we ş.m.-ler boýunça”.

“Gazpromyň” başlygy Alekseý Miller

Alekseý Miller hem türkmen gazynyň satyn alynmagynyň kesilmegini “2018-nji ýylyň aýagynda tamamlanýan söwda arakesmesi” hökmünde düşündirdi. “Gazpromyň” başlygynyň sözlerine görä, türkmen gazynyň gaýtadan satyn alnyp başlanmagy 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwarynda amala aşyrylar.

“Şu günki günde konýunktura örän we öän gowy bolup durýar.Häzirki wagtda biziň esasy ylalaşygymyz biz häzir türkmen kärdeşlerimiz bilen ysnyşykly hyzmatdaşlykda türkmen gazyny satyna almagy dikeltmegiň anyk predmetleýin gepleşiklerine girişmek ylalaşygy bolup durýar. Bu iberilmeli gazyň möçberine we şertnamalaýyn gatnaşyklaryň beýeleki meselelerine degişli, sebäbi bu gün entek tehniki derejedäki gepleşikler hem geçiriler.

Onsoň biz iň ýakyn wagtlarda bu ylalaşyklaryň baglaşylmagyn agaraşýarys” diýip, rus gaz kompaniýasynyň başlygy belledi.

Bu duşuşykdan bir gün prezident Berdimuhamedow rus kärdeşi Wladimir Putin bilen telefonda gürleşdi.

Türkmen gazynyň Orsýete iberilmeginiň dikeldilmek mümkinçili barada RF-nyň Energiýa ministriniň orunbasary Anatoliý Ýanowskiý 2018-nji ýylyň iýulynda, Aktauda boljak duşuşygyň iki hepde öňünden gürrüň berdi. Şondan iki hepde soň Aktauda Kaspiniň hukuk durmy baradaky Konwensiýa gol çekildi.

Ýatladýarys, Ýanowskiý 2018-nji ýylyň fewralynda Orsýetiň türkmen gazyny satyn almagy 2019-njy ýyla çenli diketmegi niýet edinmeýändigini aýdypdy.

“Türkmengaz” 2015-nji ýylda “Gazpromyň” gaz töleglerini tölemeýändigini aýtdy we rus kompaniýasyny tölege ukypsyz diýip yglan etdi. “Gazprom” muňa jogap edip, “Türkmengazyň” üstünden Stokgolmdaky arbitraž suduna şikaýat arzasyny berip, Türkmenistandan satyn alynýan gazyň bahasyna gaýtadan seredilmegini we artyk tölenen $5 mlrd serişdäniň yzyna berilmegini talap etdi.

“Gazprom” 2016-njy ýylyň başynda türkmen gazyny satyna almagyny bes etdi we şol ýylyň özünde “Uzbakneftgaz” kompaniýasyndan gaz satyn almak baradaky şertnama gol çekdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmen prezidenti rus resmileri bilen duşuşdy, TDH dikeldilen rus-türkmen gaz söwdasyny agzamaýar
09.10.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Russiýanyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasaryny kabul etdi
“Türkmengaz” we “Gazprom” gazyň bahasy boýunça oňşukly ylalaşyk baglaşar
Berdimuhamedow “Gazpromyň” başlygy bilen ýene gaz söwdasyny maslahatlaşdy
20.02.2019 | Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2018-nji ýyl : nebitgaz toplumy
Türkmenistan — Russiýa: özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ýoly bilen