Gazna we Maliýe Ministri Şimşek, G-20-niň Maslahatyna Gatnaşar

Gazna we Maliýe Ministri Şimşek, G-20-niň Maslahatyna Gatnaşar

Gazna we maliýe ministri Mehmet Şimşek, Braziliýada geçiriljek G-20-niň Maliýe ministrleriniň we Merkezi bankyň başlyklarynyň maslahatyna gatnaşar.

Iýul aýynyň 25-26-sy aralygynda G-20-niň minisrtler derejesinde geçiriljek 3-nji maslahatyna Mehmet Şimşek bilen birlikde Merkezi bankyň başlygy Fatih Karahan hem gatnaşar.

Ministr Şimşegiň, maslahatyň çäginde geçiriljek Halkara ykdysady görkezijiler temaly oturluşykda çykyş etmegine garaşylýar.

Ministr Mehmet Şimşegiň maslahatyň çäginde şeýle hem kärdeşleri bilen özara duşuşyk geçirmegi meýilleşdirilýär.

G-20-niň Maliýe ministrleriniň we Merkezi bankyň başlyklarynyň maslahatynyň gün tertibinde halkara ykdysady görkezijiler, salgytlar boýunça halkara derejesinde hyzmatdaşlyk edilmegi, howa çalşygy we galkynyş, global karz ýaly meseleler esasy orun eýeleýär.

Ýene degişli makalalar

Prezident Erdogan Ispaniýanyň premýer ministri tarapyndan resmi dabara bilen garşylandy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Kajyr: "Türkiye Ýewropanyň iň uly öý hojalyk önümleriniň öndürijisidir" diýdi
Resmiler "15-nji iýul Demokratiýa we Milli jebislik güni" mynasybetli ýüzlenme çap etdiler
Resmiler "15-nji iýul Demokratiýa we Milli jebislik güni" mynasybetli ýüzlenme çap etdiler
Hüýük Ýertudanasy ÝB Tarapyndan Bellige Alyndy