Gazna we maliýe ministri Lütfi Elwan, Özbegistanyň Maliýe ministri Timur Işmetow bilen duşuşdy.
Ministr Elwan duşuşyk hakynda sosial mediadan beren habarnamasynda “Özbegistanyň Maliýe ministri Jenap Timur Işmetow bilen Daşkentde duşuşdyk. Ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlyk hakynda pikir alyşdyk. Netijeli geçen duşuşyk üçin kärdeşime sag bolsun adýaryn” diýdi.
Gazna we maliýe ministri Lütfi Elwan düýn hem Daşkentde Yslam Galkynyş bankynyň başlygy Muhammed Suliiman we Özbegistanyň Wise-premýeri we söwda ministri Sardor Umurzakow bilen duşuşypdy.