Ahal welaýatynyň Owadandepe diýen ýerinde tebigy gazdan sintetiki benzin öndürmek üçin gurulýan zawod ulanmaga 2019-njy ýylyň tomsunda berler diýip, TDH habar berýär.
Bellenilen plana görä, bu kärhana ýylda “Euro-5” standartyna laýyk gelýän A-92 markaly benziniň 600 müň tonnasy öndüriler.
Ýatladýarys, bu desgany 2018-nji ýylda açmagy planlaşdyrypdylar, emma düşnüksiz sebäpler esasynda zawodyň gurluşygyny we salaýyş işlerini tamamlamak gijikdirilýär.
Zawodyň tehnologiýa bölegine Ýaponiýanyň Kawasaki Heavy Industries, Ltd. we Sojitz kompaniýalary jogap berýär. Türkmenistanyň prezidentiniň ogly Serdar Berdimuhamedow bir hepde ozal, Ýaponiýa sapary mahalynda bu kompaniýanyň wekilleri bilen duşuşdy.
Taslamanyň umumy bahasy $1,7 mlrd.
Tebigy gazdan benzin öndürmegiň (GTL) tehnologiýasy örän çylşyrymly bolup durýar we bu kärhananyň gelejegi belli bir derejede şübhe döredýär.Bu taslama hakynda “Türkmenistanyň Hronikasynyň” çap eden makalasyndan has anyk maglumatlary tapyp bilersiňiz.