“Gazanylan üstünlikleriň” sanawy. Okyjydan

“Türkemnsistanyň Hronikasynyň” okyjylarynyň biri täze girizilen möhüm düzgünleriň, gadaganlyklaryň we Türkmenistanda soňky birnäçe ýylda boluň hgeçen wakalaryň örän anyk düzüpdir.

Bu kommentariý “Pauk” diýip gol çeken awtor tarapyndan çap edildi. Üýtgewsiz çap edýäris.

Awtoryň pikileri redaksiýanyň resmi poziýasyny aňlatmaýar.

Boş wagtym biziň prezidentimiziň “gazanan üstünliklerinden” we onuň soňky ýayllardaky “Täzeden döreýiş eýýamyndan” näme üçin lezszet almaly däl diýip oýlandym.

• Adamlaryny maşynlaryny gaýtadan reňklemäge mejbur etdi. Hökümdara diňe ak reňk ýaraýar. Beýleki reňkler şeýtandan.

• Adamlary ähli kondisiuonerlerini aýyrmaga mejbur etdi, özem bu dünýäniň iň yssy ýurtlarynyň biri. Kondisionerler “olaryň” guran şäheriniň “salyhatly keşbine” kölege saldy.

• Adamlary öz hasaplaryna suw ölçeýji oturtmaga mejbur etdi. Biziň özümiz munuň üçin pul goýberip bilmeýäris, bize ýene birki sany maşyn gerek.

• Hemra telewideniýeleri üçin ähli antennany aýyrmaga mejbur etdi. Belki-de ol hakynda ýene ýakymsyz zatlary aýtmaklary mümkin we ony hemmeler görer.

• ýaşaýyş etraplarynyň ilatyny öz hasaplaryna garaňkyradylan aýnaly plastiki äpişgeleri oturtmaga mebur etdi. Olary kimiň satýandygyny özüňiz çak ediberiň?

• “Elitkalaryň” ýaşaýjylaryny öz hasaplaryna aýnalaryna gara plýonka ýelmemäge mejbur etdi. Şeýle bolsa owadan boljakmyş.

• Döwlet gullukçylaryny gije wagtynda işlänlerinde ofislerindäki çyralary öçürmeli etdi. Binalarda ýanýan çyralar ýol ýakasynda oturdylan arçalaryň görnüşini bozýar.

• Mekdep okuwçylaryny hamala onuň özi tarapyndan ýazylan we seredilmän kabul edilen BMG rezolýusiýasyny ýat tutmaga mejbur edýärler.

• Ähli ýaşdaky döwlet gullukçylaryny ir-giç diýmän maşk etmäge mejbur etdi. Görnüşinden, ýurt abadanlaşýar we gülläp ösýär. Hiç hili problema ýok we bolmaz.

• Gaz tölegi üçin kwitansiýa almaga mejbur edýärler. Şol bir wagtda-da ýurt gaz gorlary boýunça dünýäde üçünji orunda durýar.

• Walýuta konwertasiýasyny gadagan etdi. Şonuň bilen birlikde-de ýurtda tas ähli biznesi çökerdi.

• “Elitkalaryň ýaşaýjylarynyň äpişgelerini açmagyny gadagan etdi. Ýogsa kimdir birleriniň kellesine bir zatlar gelip, onuň soňuna çykaýmasyn.

• Döwlet gullukçylaryna daşary ýurtda saglygyny bejertmegi gadagan etdi. Nämemiş, ýurdaky medisinanyň derejesi dünýäniň iň ýokarky standartlaryna gabat gelýärmiş. Dogry, öz Germaniýada bejergi alýar, onuň özüne bu düzgün dahylly däl.

• Western Ýunuin arkaly islendik pul geçirmäni gadagan etdi. Ýurtda gowy bilim berilýär, ýaşlaryň daşary ýurtda okamgyna zerurlyk ýok.

• Adamlaryň öz hasaplaryndaky puluny harçlamagyny gadagan etdi. Biziň rugsadymyz bolmazdan kim saňa pul sowmaga ygtyýar berdi?

• Ýaş adamlara diňe sakgal goýbermegi gadagan etmedi. Türkmeniň abraýyny gaçyrmagy hem gadagan etdi.

• Çilim satmagy gadagan etdi. Ýöne bu adamlar hakynda uly aladadan däl, diňe konkurentlary ýok edip, olary öz satmak üçin, onda-da ýigrimi esse gymmat bahadan.

• Hususy maşynlarda signallary, sazy, tumarlary we beýlekileri gadagan etdi. Emma salonda onuň portretini asmak höweslendirilýär.

• Gutardyş we şowhun-şagalaň çärelerini gadagan etdi. Diňe onuň züi dynç alsa bolýar. Galan adamlar goý, zir-zibilleri dörsün, ol ýerden hemişe bir zatlar tapylar.

• MTS-i gadagan etdi, sebäbi onuň “Altyn Asyrdaky” biznesi hiç bir konkuransiýa tap getirmedi.

• Köçede itleriň we pişikleriň görünmegini hem gadagn etdi. Görnüşi bozýarlar, “mergi” getirýärler. Ähli jandarlary öldürdiler.

• Özi hakynda hakykatyň ýazylýan saýtlaryny gadagn etdi. Bu internetiň 99 prosentinden hem kän bolýar.

• Golf-klub gurluşygynda pul ýuwdy. Elbetdem golf türkmeniň ganynda bar. Olaryň kumiri Taýger Wuds, her kimiň kwartirasynda mini golf oýnalýar.

• Iň bir masgaraçylykly Aziadalaryň biriniň desgalarynyň gurluşyklarynda pul ýuwdy. Masgaraçylykly, sebäbi öz raýatlaryndan şeýle utandy we olar üçin, mergi keselli adamlar ýalym karantin gurnady.

• Döwlet gullukçylary we studentler üçin hökmany tigir sürüşlikler arkaly hem pul ýuwýar. Welosipedleri onuň garyndaşlary satýar. Olaram bir ýerden gazanmaly ahyryn.

• “Çäreler” arkaly pul ýuwýar. Bu hökümdaryň hormatyna guralýan hökmany watançylyk uniformalary görünşindäki eşikler. Olary onuň özünden satyn alýarlar.

• Ralli gurnamak arkaly pul ýuwýar, ýogsa ol rallini ýurduň raýatlary hatda telewizor arkaly hem görjek däl.

• Hiç kimiň gelmeýän we myhman bolmaýan otellerini gurmak bilen pul ýuwýar. Ýurda wiza almak tasdan mümkin däl.

• Başarnykly telekeçileriň biznesini gaňryp elinden alýar. Çagalaryna, ýgaryndaşlaryna we ýakynlaryna haýbat atyp. Ýene pul bolsa, zyýan etmez.

• Ähli dermanhanay özüne baglady, olarda gan basyşynyň bitli dermany iň ýokary bahalardan satylýar.

• Alkogolly içgileri satmagyň lizensiýasyny özüne baglady. Pul köplük etmeýär.

• Palçylaryň tut-da-baslygyny gurady. Belki-de, köplenç “reformatoryň” ölümini öňünden adýanlar göwnünden turmady.

• Çagalaryň çagalar bagyndaky tölegini iki esse gymmatlady, ýurtda bolsa agyr işsizlik. Ähli pul Italiýadaky willalara, sport maşynlaryna, şahsy daşary ýurt hasaplaryna gitdi. Onsoň ýene bir ýerlerden täze pul tapmaly ahyryn.

• Är-aýalyň aýrylyşmagy üçin olaryň suw ölçeýji oturdandyklary barada güwänama getirmekleri gerek. Başgaça töleg tölemäge meşbur edip bolanok.

• Kiçi we orta biznesi banal banhammer usulynda ýok etdi. Uly biznesi özüne goýdy.

• “Millionlap” tonna däne ýygnady, belki-de özi iýdi. Ýurtda ýiti un gytçylygy bar.

• Bu towuk ýumurtgalaryna hem degişli. Belki-de, ähli ýumurtga özne aşygyň hormatyna guralýan dabaraly banketlere gidýändir.

• Krizis şertlerinde boş uniwermaglaryň we supermerketleriň gurluşygynda pul ýuwýar.

• Milli awialiniýany öz şahsy we betniýet maksatlary üçin ulanýar. Mysal üçin, olarda ogurlanan altyny, puly daşaýar, günde iki gezek Germaniýadan wraçlary getirýär, möhletinden öň ölmeli däl ahyryn.

• Aýallary kemsidýär, olary kimiň we näme üçin maşyn alyp berendigini sorap, her hili güwänamalary toplamaga mejbur edýär. Basym belki ginekologiýa gözegçiligini hem özüi geçirip başlar.

• Ministrler kabinetinde ýer satýar. Şertler we nyrhlar araçylaryň üsti bilen gürleşilýär.

• Öz aýal doganyny ýurtdaky ähli uniwersitetleriň başlygy edip goýdy. Para düşewüntli iş.

• Gazly ýerleriň uly bölegini Hytaýa satdy, hiç kimden soramady, bir ýyla ýetmän özüne harçlan bolgusyz krediti üçin.

• Öz ogluny deputat, polkownik (hawa, hemme zat), yztutar etdi. Ýogsa muňa hiç bir hukugy ýok.

• Islendik başga pikirliligi yzarlaýar, çagalary, atalary, eneleri şantaž etmekden, 21-nji asyryň siwilizasiýasynda adam gynamagy hem-de we beýleki “eşretleri” ulanmakdan gaýtmaýar.

• ýaş enelere öz ejesinden götrelde almagy maslahat berýär. Sebäbi ol “gahrymany” terbiýeläp ýetişdirenmiş!

Ýene degişli makalalar

Russiýanyň Baş ştabynyň başlygy: "Günbatara garşylyk görkezeris" diýdi
Aşgabatda ýene-de kondisionerler sökülýär
Mary welaýatynda gaýtalanýan elektrik kesilmeleri gurbanlyk sadakalarynyň mazasyny gaçyrýar
Aşgabatda taýyn Zerewşan tikinçilik sehi satuwa çykaryldy
Blinken Bilen Kuleba, Russiýa-Ukraina Krizisi Hakynda Pikir Alyşdy
Germaniýanyň Federal Kansleri ýurdunyň Ukraina ýarag bermejekdigini beýan etdi