Gazalylar Öýlerine Dolanýar

Gazalylar Öýlerine Dolanýar

Ysraýylyň hüjümleri sebäpli öýlerini terk edenlerden 300 müňden gowrak palestinaly düýn Gazanyň demirgazgyna yzyna dolandy.

Gazadaky hökümetiniň Metbugat gullugyndan berlen beýannamada, Hamas bilen Ysraýylyň arasynda gazanylan we 19-njy ýanwarda güýje giren hüjümleriň bes edilmegi we ýesir çalşygy baradaky ylalaşygyň çäginde Gaza Sektorynyň günortasyndaky halkyň demirgazyga geçmegine rugsat berlendigi nygtaldy.

Beýannamada, öýlerini terk eden 300 müňden gowrak palestinalynyň düýn Gaza Sektorynyň günortasyndan we merkezinden demirgazyga geçendigi bellenildi.

Ysraýylyň 16 aýa golaý wagt bäri dowam etdirýän hüjümleri sebäpli öýlerini terk etmeli bolan palestinalylar düýn ir ertirden başlap demirgazyga dolanmaga başlapdy.

Beýleki tarapdan Palestinanyň Merkezi banky, Gaza Sektorynda iki bankyň gaýtadan açylandygyny mälim etdi.

Ýene degişli makalalar

Gazada Ýogalanlaryň Sany Artmaga Dowam Edýär
Ysraýylyň Gazadaky hüjümlerinde ýogalýan palestinalylaryň sany artmaga dowam edýär
Ysraýyl Gaza Ynsanperwer Kömeginiň Berilmegini Bökdeýär
Türkiýe Gaza Ynsanperwer Kömegini Berýär
Ýagşylyk Gämisi Müsüre Bardy
Erdogan: “ABŞ-nyň Gaza Meselesinde Gün-Tertibine Getiren Teklibiniň Biziň Üçin Ähmiýeti Ýok”n