Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja, Gazaly ýene-de 61 keselli bilen 49 hossarynyň paýtagt Ankara getirilmeginiň meýilleşdirilýändigini aýtdy.
Ministr Koja, sosial mediadan beren habarnamasynda ýene-de 61 keselli bilen 49 hossarynyň Gazadan Müsüre geçendigini nygtap, “Şu gije Al Ariş hassahanasynda boljak kesellileriň ertir irden uçar bilen Ankara getirilmegi meýilleşdirilýär”diýdi.
Geçen hepde hem Gazadan çykarlan käbir keselliler bejergi almak üçin Türkiýä getirlipdi.