Gazaly Hassalar Türkiýä Getirildi

Gazaly Hassalar Türkiýä Getirildi

Ministr Koja; “37 sanysy bäbek we çaga, 31 sanysy bolsa kämillik ýaşyna ýeten hassa toparyna degişli. 4 sanysy rak keselli. Beýlekiler bolsa esasan trawma, ortopediýa we ýaralanma toparyna degişli hassalar” diýdi.

Fahrettin Koja Milli goranmak ministrligine degişli uçar bilen Müsüriň Al Ariş howa menzilinden bejergi üçin Türkiýä getirilen 68 keselli bilen olara ýoldaşlyk edýan 61 adamy Etimesgut howa menzilinde garşylady.

Ministr Koja getirilen hassalaryň arasynda Ysraýylyň howa hüjümlerinde ýaralanan we bejergi edilmese aýaklary kesilme howpy bolan, sosial mediadaky ýazgylary bilen tanalýan Rital atly gyzjagazyň hem bardygyny beýan etdi.

Hassalaryň Etlik we Bilkent şaher keselhanalaryna ýerleşdiriljekdigini aýdan ministr Koja; “Şu günki güne çenli 114 keselli getirilipdi, gelen 68 hassa bilen bilelikde 182 hassamyz boldy. Olara ýoldaşlyk edýänler bilen bilelikdejemi 359 adam getirildi. Getirilenlerden 2 sanysy ýogaldy. Häzirki wagtda 6 keselli reanimasiýada” diýdi.

Ýene degişli makalalar

Terrorçy Azad Akynjy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Yragyň Demirgazygynda 19 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Ýene-de 3 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
1 Hepde-de 30 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Ýene-de 4 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Ýene-de 6 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Terrorçy Mehmet Ýyldyrym Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi