
Gazagystan 1-nji ýanwardan başlap Baku-Tiblisi-Jeýhan turba geçirijisinden nebit akdyrmaga başlar.
Gazagystanyň Premýer-ministri Alihan Ismailow, Parlamentde eden çykyşyndan soň beren beýannamasynda, nebit eksportynyň artdyrylmagy üçin ýörite iş meýilnamasyny taýarlandyklaryny nygtady.
Ismailow, “2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap Baku-Tiblisi-Jeýhan turba geçirijisinden 1,5 million tonna nebitidiň akdyrylmagy üçin şertnama baglaşdyk. Şol sanyň ýakyn gelejekde 6-6,5 million tonna çykarylmagyny meýilleşdirýäris” diýdi.
Gazagystanyň Premýer-ministri Alihan Ismailow, gelejekde Baku-Supsa we Baku-Batum turba geçirijileri arkaly gazak nebitiniň akdyrlyp bilinjekdigini ýatlatdy.