Gazak nebitiniň Baku-Tiblisi-Jeýhan turba geçirijisi arkaly akdyrylmaga başlanandygy habar berildi.
Azerbaýjanyň nebit firmasy SOKAR tarapyndan berlen beýannama görä, Tengiz giňişliginde öndürlen gazak nebitini daşaýan ilkinji tanker Gazagystanyň Aktau portundan Azerbaýjanyň Sengeçal terminalyna geldi.
SOKAR bilen Gazagystanyň KazMunaýGaz firmasy ýany ýakynda ýylda 1,5 million tonna nebitiň daşalmagy üçin ýaňy ýakynda şertnama baglaşypdy.
Iki ýurduň arasynda 2022-nji ýylyň soňky çärýeginde baglaşylan şertnamanyň çäginde gazak nebiti Jeýhana akdyrlar.
Şol çäkde 2023-nji ýylyň ahyryna çenli Hazar deňizi arkaly aýda 14 tanker bilen gazak nebiti daşalar.