Gazak edebiýatynyň düýbüni tutujy

10-njy oktýabrda Aşgabatda beýik gazak şahyry we akyldary Abaý Kunanbaýewiň ýadygärligi açyldy. Laçyn seýilgähinde geçirilen açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew gatnaşdy.

Abaý Kunanbaýewiň ýadygärliginiň açylmagy türkmen paýtagtynyň medeni durmuşynda möhüm waka boldy.Ol iki halkyň arasynda ruhy ýakynlygyň, dostlugyň we özara düşünişmegiň nyşanyna öwrüldi.Heýkeliň umumy beýikligi 7 metrden gowrakdyr.

Heýkelde gazak şahyrynyň keşbi ussatlyk bilen şekillendirilipdir.Abaý Kunanbaýew häzirki zaman milli gazak edebiýatynyň düýbüni tutujy hökmünde öçmejek yz galdyrdy.Onuň eserlerinde öz halkynyň dünýägaraýşy, däp-dessurlary, ruhy dünýäsi açylyp görkezilýär.

Beýik şahyr, akyldar, filosof we alym Abaý 1845-nji ýylyň 10-njy awgustynda Gazagystanyň häzirki Semeý şäheriniň Židebaý diýen ýerinde çarwa maşgalada dünýä inýär.Ilki mugallym tutulyp, ýörite öýde okadylan Abaý soňra Semeýdäki Ahmet Ryza medresesinde okuwyny dowam etdirýär. Şol bir wagtyň özünde ol rus mekdebinde hem okaýar.

Medresede dört ýyl okan Abaý 1858-nji ýylda medresäni taşlamaly bolýar.Soňra ol 1873-nji ýyla çenli dolandyryş edaralarynyň birinde işläp, ýurduň dürli künjeklerinde saparda bolýar. Şol döwürde ol halky sowatlylyga çagyrýan birnäçe goşgulary we makalalary ýazyp, milli medeniýetiň we sungatyň ösmeginde uly işleri bitirýär.

Abaý Kunanbaýew terjimeçilik bilen meşgullanyp, belli rus ýazyjylarynyň eserlerini gazak diline terjime edýär. Şahyr özüniň edebi mirasynyň köptaraplylygy, çeperçilik taýdan kämilligi, halky dilde ýazylanlygy bilen tapawutlanyp, Gazagystanda ýazuwly edebiýatyň düýbüni tutujy hasaplanýar.

Ol Fizuly, Nowaýy, Ferdöwsi, Nyzamy ýaly şahyrlara eýerip, gazak edebiýatynyň Gündogaryň nusgawy edebiýatynda mynasyp orun almagyna aýratyn uly goşant goşýar.Onuň 200-e golaý şygry, 3 dessany,

45 sany ululy-kiçili kyssa eseri we birnäçe terjime işleri bar. Abaý Kunanbaýewiň häzirki zamanyň okyjylary üçin ylham çeşmesi bolup hyzmat edýän eserlerinde, esasan, tebigat, agzybirlik, söýgi, bilim almak, mertlik ýaly meseleler gozgalýar. Onuň eserleri dünýäniň dürli dillerine terjime edildi. Abaý Kunanbaýew 1904-nji ýylyň 23-nji iýulynda aradan çykýar.

Aýbölek Berdiýewa,

Arkadag şäheriniň döwlet arhiwiniň ylmy-maglumat toplumy boýunça uly ylmy işgäri.

Ýene degişli makalalar

Gazaklaryň tanymal şahyry we pikirzadasy Abaý Kunanbaý
Milli şygryýetiň altyn eýýamynyň parlak ýyldyzy
Magtymguly Pyragy dünýä gymmatlygy
Täjik edebiýaty
Üç asyrdan bäri saýraýan bilbil