Gazagystanyň üç sebitine çekirtge hüjümi howp salýar

Gazagystanyň üç sebitine çekirtge hüjümi howp salýar

Gazagystanyň sebitleriniň üçüsine çekirtge hüjümi howp salýar. Ekin meýdanlaryna zyýan ýetirijilere garşy göreşmek üçin milliardlarça teňňe sarp ediler diýip, MIR 24 habar berdi.

Ekin meýdanlarynyň 2,5 million gektaryna golaýyna ýok bolmak howpy abanýar, bu geçen ýyldakydan bir million köpdür diýip, Respublikanyň Oba hojalyk ministrligi habar berdi.

Çekirtgelerden has-da Aktýubinsk, Kostanaý we Türküstan oblastlarynda ätiýaçlanýarlar. Ol ýerlerde meýdanlara zyýansyzlandyryjy serişdeler sepilip başlandy, munuň üçin ýörite tehnikalardan, ýagny pürküjilerden, dronlardan we uçarlardan peýdalanýarlar.

Zyýanly mör-möjekleriň serhetden aşmagynyň öňüni almak üçin Russiýada, Gyrgyzystanda we Hytaýda barlag işleri geçirilýär. Gazagystanyň özünde çekirtgeleriň 270 görnüşi duşýar, olaryň iň howplulary marokko, aziýa we italýan çekirtgeleridir.

Ýurduň oba hojalyk edarasynyň habaryna görä, çekirtge hüjümi Respublikada her 10 ýyldan bolýar. Bu ýyl şeýle hüjüme garaşylýan döwürdir.

Ýene degişli makalalar

Russiýanyň we Merkezi Aziýanyň ekin meýdanlaryny çekirtge basdy
Türkmenistanda import önümleriň öwezini doldurmaly birnäçe zawod açyldy
Azmun Baýer bilen Ýewroligadaky ilkinji duşuşygyna gatnaşdy, Barselona öz meýdanynda ýene ýeňip bilmedi we başga netijeler
Çempionata öýünde tomaşa etjek ýyldyzlar
Transfer täzelikleri
Diňe “Ýuwentus” galdy