
Gazagystanyň Merkezi saýlaw topary (MST) respublikanyň prezidentiniň wezipesine dalaş edýänlerden arzalaryny kabul etmekligi tamamlady.
Onuň sözlerine görä, dalaşgärleriň kanunçylygyň talaplaryna laýyklygyny barlamak işi ýakyn günlerde tamamlanar. Dalaşgärleri hödürlemeklik 23-nji sentýabrda başlanyp, 11-nji oktýabr güni sagat 18:00-da tamamlandy.
Merkezi saýlaw toparyna şu aşakdaky adamlar resminamalaryny bellige aldyrmak üçin berdiler: döwletiň häzirki baştutany Kasym-Žomart Tokaýew, ol jemgyýetçilik-syýasy güýçleriň halk bileleşigi tarapyndan hödürlendi; oppozision Umumymilli sosial-demokratik partiýanyň (USDP) başlygy Nurlan Auýesbaýew; Amanat respublikan kärdeşler arkalaşygynyň birleşiginden — Meýram Kažyken; Auyl halk-demokratik watançylyk partiýasyndan — Žiguli Daýrbaýew; Mukalmas respublikan jemgyýetçilik birleşiginden (RJB) mejlisiň öňki deputaty Nuržan Altaýew; sosial işgärleriň milli alýansyndan — jemgyýetçilik işgäri Karakat Abden; Gazagystanyň gurluşykçylar soýuzyndan — onuň ýolbaşçysy Talgat Ýergaliýew; Halyk demografiýasy jemgyýetçilik birleşiginden — mejlisiň öňki deputaty Žumataý Aliýew; oralmanlaryň Asar respublikan jemgyýetçilik birleşiginiň wekili Haýrulla Gabžalilow; Kazak analary desturge žol (Kazak eneleri däp-dessura ýol) jemgyýetçilik birleşiginden — hukuk goragçysy Saltanat Tursynbekowa; Kazahstanskaýa liga lýubiteleý futbola jemgyýetçilik birleşiginden döwlet girdejileri departamentiniň işgäri Bakyt Žanabaýew; Praktiçeskaýa psihologiýa jemgyýetçilik birleşmesinden dalaşgär Fatima Bizakowa.
Gazagystanda nobatdan daşary prezident saýlawlaryny 20-nji noýabrda geçirmek bellendi.