Gazagystanyň Prezidentiniň Gyrgyzstana Sapary

Gazagystanyň Prezidentiniň Gyrgyzstana Sapary

Hepdelik tapgyrlaýyn gepleşigimiziň nobatdaky sanynda Gazagystanyň Prezidenti Kassym-Jomart Tokaýewiň Gyrgyz Respublikasyna guran sapary hakynda durup geçmek isleýäris.

Gazagystanyň Prezidenti Prezidenti Kassym-Jomart Tokaýew 2022-nji ýylyň 26-njy maýynda Gyrgystana bir günlük resmi sapar gurady.Gyrgyz Prezidenti Sadyr Japarow Tokaýewi Bişkekdäki Ala Arça döwlet köşkünde resmi dabara bilen garşylady.

Garşylama dabarasyndan soň liderler özara we toparara duşuşyk geçirdiler.Duşuşyklarda özara gatnaşyklar we sebitleýin meseleler boýunça pikir alyşyldy.Duşuşykdan soň prezidentleriň bilelikdäki jarnamasyna we iki ýurduň arasyndaky 13 ylalaşyga gol çekildi.

Žurnalistler üçin guralan metbugat ýygnagynda Prezident Japarow Gyrgyzstan-Gazagystan serhedinde bilelikdäki söwda-logistiki zolagyň gurluşygyna badalga berendiklerini, uzak ýyllaryň dowamynda çözülmän gelýän Gyrgyz-Gazak serhedindäki konteýner geçiş meselesini çözjekdikleri beýan etdi. Prezident Tokaýew bolsa gazaklara iň ýakyn doganlyk halkyň gyrgyzlardygyny beýan etdi. Prezidentler söwda gatnaşygynyň mukdaryny 2 milliard dollara ýetirmegi maksat edinýändiklerini beýan etdiler.

Ýewraziýa Ykdysady bileleşiginiň döwürleýin başlyklygyny ýerine ýetirýän Gyrgyzstan şol gün Ýewraziýa Ykdysady bileleşiginiň 1-nji Ýewraziýa ykdysady forumyny gibrid formatda geçirdi. Foruma Russiýanyň, Ermenistanyň we Belarusyň liderleri onlaýn görnüşde gatnaşdylar. Maslahatda Bileleşigiň meselelerine garaldy we şol meseleler boýunça soraglara jogap berildi. Foruma 15 ýurduň wekili gatnaşdy.

Prezidentler Japarow we Tokaýew forumdan soň Al Farabi adyndaky Gazak milli uniwersitetiniň Bişkekdäki täze açylan bölümine baryp gördüler. Soň Prezidentler gazak şahyry Abaý Kunanbaýewiň heýkelini açdylar. Prezident Japarow Kunanbaýewiň heýkeliniň açylyşynda Çingiz Aýtmatowyň we Manasyň heýkelleriniň ýakyn gelejekde Gazagystanda açyljakdygyny aýtdy.

Şol gün Gazagystanyň Senaty Gyrgyzstana harby-tehniki kömek bermek boýunça gol çekişilen özara ylalaşygy tassyklady. Gazagystanda ozalam Gyrgyz Resublikasynyň harby goşunlaryna harby-tehniki kömek beripdi.

Prezident Kassym-Jomart Tokaýewiň Gazagystanda başdan geçirilen Ýanwar wakalaryndan soň işjeň daşary syýasat alyp barmaga bapşlandygy görülýär. Mysal üçin Tokaýew Bişkege saparyndan ozal Türkiýä, Birleşen Arap Emirliklerine we Russiýa sapar gurady. Goňşulary bilen ýakyn hyzmatdaşlygy dowam etdirmek Gazagystanyň daşary syýasatynyň ileri tutýan ugurlaryndan biri.

Gyrgyzstanyň Prezidenti Sadyr Japarow Bişkekdäki duşuşykda Gyrgyzstan bilen Gazagystanyň arasynda 2003-nji ýylda gol çekişilen hgyzmatdaşlyk ylalaşygy gaýtadan seljermegi, özara gatnaşyklary täze derejä götermegi teklip etdi.Gyrgyzstan we Gazagystan Türkiýe we Azerbaýjan mysalynda bolşy ýaly gatnaşyklaryny täze derejä göterip, iki döwlet bir millet syýasatyny alyp baryp bilerler.

Russiýa-Gübatar söweşi, Owganystandaky ýagdaýlar we sebitleýin howpsuzlyk meseleleri şeýle ýakyn hyzmatdaşlygyň ähmiýetini artdyrýar.

Jemläp aýdanymyzda Gazagystanyň Prezidenti Tokaýewiň Gyrgyzstana sapary netijeli geçdi. Esasanda gümrük, ulaglar, howpsuzlyk ugurlarynda möhüm ylalaşyklara gol çekişildi. Gyrgyz-Gazak hyzmatdaşlygynyň güýçlenmegi Türkistanyň hasam güýçlenmegine goşant goşar.

Ýene degişli makalalar

Kurtulmuş Türki-Yslam Dünýäsine Çagyryş Etdi
Ýewraziýa ýurtlarynyň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Türki Döwletleriň Gün Tertbindaki Wakalar
GDA-na agza ýurtlaryň Liderleri çagyryş berdiler
Wengriýanyň Premýer-ministri Orban Türk Dünýäsiniň Ýokary Ordeni Bilen Sylaglandy
Ýewraziýa ýurtlarynyň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Türkiýe Bilen Gyrgyzstanyň Arasyndaky Gatnaşyklar Pugtalanýar