Gazagystanyň Prezidenti täze ministrleri belledi

Gazagystanyň Prezidenti täze ministrleri belledi

Gazagystanda Ekologiýa we tebigy serişdeler, Magaryf, Senagat we infrastruktura ösüşi, şeýle hem Medeniýet we sport ministrliklerine täze ýolbaşçylar bellendi. Report.az neşiriniň ýazmagyna görä, ýurduň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bu barada degişli Permanlara gol çekdi.

Ekologiýa we tebigy serişdeler ministri wezipesine Zulfiýa Suleýmenowa, magaryf ministri wezipesine Gani Beýsembaýew, senagat we infrastruktura ösüşi ministri wezipesine Marat Karabaýew, medeniýet we sport ministri wezipesine Ashat Oralow bellendi.

Tokaýew şeýle-de Galymžan Koýşybaýewi premýer-ministriň orunbasary — hökümetiň diwanynyň ýolbaşçysy wezipesine belledi.

Ýene degişli makalalar

"Çarwadar halklaryň medeniýetiniň baýramy". Çarwadarlaryň bütindünýä Oýunlary nädip döredildi?
Türkmentel-2023 halkara ylmy maslahaty birnäçe ugurdaş çäreler bilen utgaşdy
Aşgabatda GDA-nyň sebit aragatnaşygy we maglumat boýunça bilelikdäki mejlisi geçirildi
8-nji noýabrda Aşgabatda Aragatnaşyk Dolandyryşlarynyň Başlyklarynyň Geňeşiniň mejlisi geçiriler
Albom çykmazdan, rekord goýdy
ABŞ-da Türk Güni Ýörişi 20-njy Maýda Geçirler