Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Russiýa-Ukraina dartgynlygynyň möwjemegi sebäpli ýurtdaky ähli harby we raýat desgalarynyň howpsuzlygynyň üpjün edilmegi üçin gyssagly çäre görülmegi boýunça degişli edaralara görkezme berdi.
Prezidentiň metbugat sekretary Berik Uali, Fajebookdan beren habarnamasynda, Prezident Tokaýewiň, Russiýa-Ukraina dartgynlygynyň möwjemegi sebäpli, Premýer-ministrlige, howpsuzlyk güýçlerine we ýerli häkimliklere, harby we raýat desgalarynyň howpsuzlygynyň üpjün edilmegi üçin gyssagly çäre görülmegi boýunça görkezme berendigini mälim etdi.
Görlen çäreler hakynda parlamentdäki ähli komissiýalaryň ýolbaşçylaryna maglumat berlendigini aýdan Uali, Prezident Tokaýewiň ýurtdaky ýagdaýy gözegçilik astyna alandygyny ýatlatdy.
Uali, “Gazagystan, iki slawýan halkyň Russiýa bilen Ukrainanyň arasyndaky söweşiň gepleşik arkaly bes edilmegine goldaw berýär” diýdi.