Gazagystanyň Prezidenti Magtymgulynyň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglanyldy

Gazagystanyň Prezidenti Magtymgulynyň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglanyldy

Şu gün Aşgabada resmi sapar bilen gelen Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Magtymgulynyň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna atly ýubileý medaly bilen sylaglanyldy.

Gazagystanyň Prezidentine sylag türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan gowşuryldy. Medalyň gowşurylyşy Aşgabat şäherinde beýik gazak şahyry we akyldary Abaý Kunanbaýewiň ýadygärliginiň açylyş dabarasynyň çäginde guraldy diýip, HHM ýazýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri özüniň gutlag sözünde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewi Türkmenistanyň Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna atly ýubileý medaly bilen sylaglamak hakyndaky çözgüdini mälim etdi hem-de sylagy dabaraly ýagdaýda gazak Liderine gowşurdy.

Soňra dabara gatnaşyjylar Abaý Kunanbaýewiň ýadygärligine gül desslerini goýdular diýip, çeşmede bellenilýär.

Ýeri gelende ýatlatsak, mundan ozal Aşgabatda gazak şahyry Abaý Kunanbaýewiň ýadygärliginiň açylandygyny habar beripdik.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda Gazagystanyň Prezidentiniň resmi saparyna garaşylýar
Gurbanguly Berdimuhamedow we Kasym-Žomart Tokaýew Abaý Kunanbaýulynyň ýadygärligini açdylar
Aşgabatda gazak şahyry Abaý Kunanbaýewiň ýadygärligi açyldy
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Aşgabatda gazak şahyry Abaý Kunanbaýewiň heýkeliniň açylyş dabarasyndaky çykyşy
Gazagystanyň Prezidenti resmi sapar bilen Türkmenistana geler
10-njy oktýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti