
Türkmenistanyň prezidenti Berdimuhamedowyň çakylygy boýunça Gazagystanyň prezidenti Kasym-Jomart Tokaýew 24 we 25-nji oktiýabrda Türkmenistana döwlet saparyny eder diýip ZonaKZ habar gullugy Tokaýewiň metbugat gullugyna salgynyp habar berýär.
Bu saparyň dowamynda kiçi we giňişleýin düzümde gepleşikler geçiriler.
Taraplar söwda,ulag,medeni-gumanitar pudaklarda hyzmatdaşlyk, şeýlede sebitiň möhüm gün tertibi barasynda maslahat ederler.
Gazagystan lideriniň Türkmenistana etjek sapary barada prezidentiň çakylygy 12-nji oktiýabrda Türkmenistanyň DIM-i Raşid Meredow ýetiripdi.
Ol Aziýada özara täsiri we ynamy pugtalandyrmak hakynda Maslahata girýän ýurtlaryň DIM-niň altynjy mejlisine gatnaşmak üçin Nur-Soltana barypdy.
Bu sapar 2021-nji ýylyň baharyndan bäri meýilleşdirilipdi.
The post Gazagystanyň prezidenti döwlet sapary bilen Türkmenistana barar first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.