
Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew 28-29-njy oktýabrda döwlet sapary bilen Mongoliýada bolar diýip, Trend habar berdi.
Saparyň dowamynda Prezident Tokaýew Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh, Beýik Döwlet Huralynyň başlygy Daşzegwin Amarbaýsgalan we Premýer-ministr Luwsannamsraýn Oýun-Erdene bilen duşuşyklary geçirer.
Saparyň dowamynda ikitaraplaýyn möhüm resminamalaryň gol çekilmegine garaşylýar diýlip, habarda bellenýär.