Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Olžas Bektenowdan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş güni mynasybetli gutlag haty gelip gowuşdy.
"Türkmenistan" gazetinde çap edilen gutlag hatynda Premýer-ministr Olžas Bektenow şeýle belleýär:
"Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!
Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş güni mynasybetli gutlaglarymy kabul ediň! Bu gün biz şöhratly ata-babalarymyzyň gahrymançylykly ýoluny belent buýsanç we hoşallyk duýgusy bilen sarpalaýarys. Olar egin-egne berip, geljek nesilleriň azatlygy, garaşsyzlygy, mynasyp durmuşda ýaşamagy ugrunda söweşdiler.
Uruş ýyllarynda taplanan mizemez dostluk, jebislik hem-de özara goldaw bermek ýörelgeleriniň geljekde-de ýurtlarymyzyň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin ygtybarly binýat boljakdygyna ynanýaryn.
Pursatdan peýdalanyp, türkmen weteranlaryna berk jan saglyk, abadançylyk, uzak ömür arzuw edýärin".