27-nji noýabrda Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Askar Mamin Türkmenistanyň ýolbaşçylygynda geçiriljek Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň XV duşuşygynyň işine gatnaşmak üçin Aşgabada iş sapary bilen geldi.
Aşgabat şäheriniň Halkara howa menzilinde myhmany Türkmenistanyň resmi adamlary garşy aldylar. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystanyň Premýer-ministri bilen söhbetdeşligi geçirildi. Onuň dowamynda özara gyzyklanma bildirilýän dürli ugurlar boýunça türkmen-gazak gatnaşyklaryny has-da ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.