Gazagystanda ýanwar aýynda başdan geçirlen wakalar sebäpli wezipesinden boşadylan ozalky Goranmak ministri Murat Bektanow saklandy.
Ozalky ministr Bektanowyň düýn paýtagt Nur-Soltanda jeza kanunynyň 452-nji maddasyna laýyklykda saklanandygy habar berdildi.
Ozalky Goranmak Ministri Murat Bektanow hakynda wezipesini ýerine ýetirmändigi sebäpli kazyýet işiniň gozgalandygy nygtaldy.
Bektanow 26-njy awgustda ýurduň günortasynda ýerleşýän Žambyl welaýatynda harby ammarda bolan partlama sebäpli wezipesinden boşadylan Nurlan Ýermekbaýewiň ýerine goranmak ministri hökmünde bellenipdi.
Üstümizdäki ýylyň ýanwar aýynyň başynda ýurtda başdan geçirlen we 225 adamyň ýogalmagyna sebäp bolan wakalardan soň Bektanow, Prezident Tokaýewiň karary bilen 19-njy ýanwarda wezipesinden boşadylypdy we ýerine Ruslan Žaksylokow bellenipdi.