18-nji ýanwarda elbasy’ Nursoltan Nazarbaýew geçen ýylyň ahyrlaryndan we protestler başlaly bäri ilkinji gezek görünip, gazak dilinde wideýo ýüzlenme bilen çykyş etdi.
Onuň aýtmagyna görä, ýurduň elitasynyň arasynda oňşuksyzlyk ýok we ol şeýle oňşuksyzlyklar baradaky myş-myşlary hiç bir esassyz diýip atlandyrdy. Şeýlede elbasy’ 2019-njy ýyldan bäri dynç alyşdadygyny we häzir “Gazagystanyň paýtagtynda hormatly dynç alyşdadygyny” sözüne goşdy.
Kasym-Jomart Tokaýew häkimiýete dolulygyna eýe bolup, Howpsuzlyk Geňeşiniň başlygy we tiz wagtda ýurdy dolandyrýan partiýa ýolbaşçylyk eder diýip Nazarbaýew aýdýar.
Täze ýylda başlan protestleriň bidüzgünçilige öwrülmegi we köp adam pidalary bolan wakalar barada elbasy’ “ýurduň bütewiligini dargatmak” maksady bilen “Gazagystana edilen hüjüm” diýip atlandyrdy.Ol takyk haýsy güýçleriň bidüzgünçiligi gurnandygy barada dil ýarman,ony anyklaşdyrmak gerek diýdi.
Käbir synçylaryň pikiriçe,Nursultan Nazarbaýewiň gazakça eden bu çykyşy onuň döwrüniň tamamlanandygynyň alamaty we onuň dürli ýerlerde ýazgy edilen bolmagy ähtimal.
“Türkmenistanyň Hronikasynyň” öňki maglumatlaryna görä, geçen günleriň dowamynda Nazarbaýewiň üç sany giýewisi’ we ýegeni wezipelerini terk etdiler, inisi Bulat bolsa, Dubaýa gaçdy.
Şeýlede öňki prezidentiň Mejlisiň deputaty bolan uly gyzy Dariganyň we beýleki gyzlary Dinaranyň, Aliýanyň milýonlarça dollarlyk emläkleriniň bardygy bilen ilteşikli daşary ýurt mediasynda makalalar çap edildi.The post Gazagystanyň öňki prezidenti Nursoltan Nazarbaýew wideýo ýüzlenme bilen çykyş etdi first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.