Gazagystanyň öňki prezidenti Nazarbaýewiň gyzy Aliýa 220 milýon funt sterlingi daşary ýurtlara çykarypdyr

Gazagystanyň öňki prezidenti Nazarbaýewiň gyzy Aliýa 220 milýon funt sterlingi daşary ýurtlara çykarypdyr

Entek Gazagystanda dartgynly ýagdaýlar dowam edýärkä, Beýik Britaniýanyň gazýetlerine salgylanyp daşary ýurt mediasynyň berýän maglumatlaryna görä, elbasy’ Nazarbaýewiň 41 ýaşly gyzy Aliýa 220 milýon funt sterlingi Gazagystandan çykaryp, 18 million funt sterlinge kaşaň uçar we 8,75 milýon funt sterlinge deň howluly kaşaň jaý satyn alypdyr.

Olaryň ýazmagyna görä, Aliýa ýaşamak rugsadyny almak üçin Londonyň demirgazygyndaky Haýgeýtden kaşaň howlyly jaý satyn aldy we onuň “Challenger Bombardier” kysymly kaşaň uçary bar.

Aliýa bu milýonlary 2006-njy ýylda Gazagystandan çykarypdyr. Şonuň ýalyda, ol Dubaýdan 14 milýon dollara deň emläk hem satyn alypdyr.

Elbasy’ Nazarbaýewiň kiçi gyzy Aliýa jemgyýetçilik işleri bilen meşgullanýar: şeýlede ol birnäçe kino döretdi we Italýanyň “Domiani” şirketi bilen birlikde özüniň şaý-seplerini döretdi.

Käbir synçylaryň pikiriçe, öňki prezidentiň 57 ýaşly uly gyzy, ýurdyň Senatynyň öňki başlygy, häzir Mejlisiň deputaty Dariga Nazarbaýewa hem tüçjar baý we onuň milýonlarça dollarlyk baýlyklara eýe bolmagy mümkin.

Bellesek,mundan öň “Türkmenistanyň Hronikasynyň” ýazmagyna görä, prezident Berdimuhamedowyň ýegenleri Hajymyrat we Şamyrat Rejebowlar hem türkmen halkynyň tebigy baýlyklaryny daşary ýurtlara satyp gazanan milýonlarça dollara Türkmenistanda kaşaň köşkler gurýarlar, çet ýurtlardaky gymmat bahaly myhmanhanalarda dynç alýarlar we Dubaýdan kaşaň jaýlary satyn aldylar.

The post Gazagystanyň öňki prezidenti Nazarbaýewiň gyzy Aliýa 220 milýon funt sterlingi daşary ýurtlara çykarypdyr first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Ysraýyl Ýemendäki Elektrik Beketlerini, Porty we Nebit Desgalaryny Bombalady
Russiýada Bombardyman Uçary Heläkçilige Uçrady
Ysraýyl, Gazany Bombalamaga Dowam Edýär
Ysraýylyň Gazany Bombalamaga Dowam Edýär
Somalide Bombanyň Ýarylmagy Sebäpli 1-i Türk 2 Adam Ýogaldy
Ysraýyl 181 Günden Bäri Gazany Bombalaýar
Ysraýyl 176 Günden Bäri Gazany Bombalaýar