Gazagystanyň işewürlik mümkinçilikleri: türkmen telekeçileri Astana we Almata çagyrylýar

Gazagystanyň işewürlik mümkinçilikleri: türkmen telekeçileri Astana we Almata çagyrylýar

Gazagystan bilen Türkmenistanyň arasynda söwda-ykdysady pudakda hyzmatdaşlygyň çalt depginde ösmegi işewürlik üçin täze mümkinçilikler açýar. Bu başlangyjyň çäklerinde “Astana” diplomatik kluby iki ýurduň telekeçileri üçin işewürlik missiýalaryny we iş saparlaryny guraýar.

15 — 20-nji iýulda geçiriljek işewürlik missiýasynyň çäginde türkmen telekeçilerine şular garaşýar:

Astana we Almaty şäherleriniň geljegi uly bazarlary bilen tanyşlyk.

Gazak telekeçileri bilen işewür gatnaşyklaryny ýola goýmak.

Täze hyzmatdaşlary gözlemek we özara bähbitli şertnamalary baglaşmak.

Gazagystanyň döwlet edaralarynyň wekilleri bilen duşuşyklar.

Senagat kärhanalaryna baryp görmek.

Beýleki işewürlik çärelerine gatnaşmak.

Astana — Gazagystanyň depginli ösýän işewürlik, syýasy we maliýe merkezi. Ýokary ýaşaýyş derejesi bolan şäher hünärmenler bilen birlikde, maýadarlary hem özüne çekýär. 1,5 milliondan gowrak ilaty bolan bazar harytlara we hyzmatlara barha artýan islegi yzygiderli görkezýär. Bu ýerde işewürligi üstünlikli ýöretmek we mümkinçilikli taslamalary durmuşa geçirmek üçin ähli şertler döredilen.

Astana we Almaty şäherlerine guralýan işewürlik missiýasyna gatnaşmak türkmen telekeçileri üçin täze mümkinçilikleriň açarydyr.

Işewürlik missiýasyna gatnaşmak üçin Aşgabatda ýerleşýän “Zemin Syýahat” hojalyk jemgyýetine +993 62 60 68 85 telefon belgisi arkaly jaň edip ýüz tutup bilersiňiz.

Işewürlik missiýasynyň deslapky maksatnamasy bilen dipclub.kz/astana web saýtyndan tanyşmak bolýar.

Ýene degişli makalalar

Astana diplomatik kluby türkmen kompaniýalaryny Gazagystanyň 2024-nji ýyldaky iri sergilerine çagyrýar
Türkmen işewürleri maýa goýum mümkinçiliklerini öwrenmek üçin Astana we Almata çagyrylýar
Türkmen telekeçileri Gazagystana guraljak işewürlik saparyna gatnaşmaga çagyrylýar
Gazagystanda Abaý güni bellenildi
Türkmenistanyň taryhy ýadygärlikleri World Heritage Journey onlaýn-platformasyna ýerleşdirildi
Merkezi Aziýadaky beýik ýüpek ýolunyň ugrundaky geçelgeler