Magtymguly adyndaky Milli sazly-drama teatrynyň sahnasynda Gazagystan Respublikasynyň Medeniýet ministrliginiň adyndan dirižýor Resul Gylyjowa Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri üçin, şeýle hem aýdymçylar Leýli Ökdirowa we Nury Nuryýewe hormat hatlaryny gowşurmak dabarasy boldy.
Geçen ýyl Gazagystanda tanymal şahyr, kompozitor, gazak nusgawy edebiýatynyň görnükli wekili Abaý Kunanbaýewiň doglan gününiň 175 ýyllygy ýokary derejede bellenildi. Şanly senä bagyşlanan dabara Türkmenistandan döredijilik topary hem gatnaşyp, olar kompozitorlar Ahmet Žubanow bilen Latif Hamidiniň Abaý operasydan eserleri ýerine ýetirdiler.
Abaý Kunanbaýewiň çylyşyrymly durmuşy barada gürrüň berýän 1944-nji ýylda döredilen opera Gazagystanyň opera sungatynyň iň güýçli eserleriniň biri hasaplanylýar.
Orkestriň işine berlen ýokary baha jogap edip, sazandalar solistler bilen bilelikde ýene-de Abaý operasyndan ariýalary ýerine ýetirip, dabarynyň myhmanlaryny begendirdiler. Şeýle hem tenor Atajan Berdiýew Gazagystanyň ilkinji Prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň goşgusyna aýdym aýtdy.