Gazagystanyň Hökümeti Iş Başyndan Çekildi

Gazagystanyň Hökümeti Iş Başyndan Çekildi

Gazagystanda Premýer-ministr Askar Maminiň ýolbaşçylyk edýän hökümeti suwklandyrylan nebit gazynyň nyrhlarynyň ýokarlandyrylmagyna garşy guralan protest aksiýalary sebäpli iş başyndan çekildi.

Prezindent Kassym Žomart Tokaýew ertiriň irki sagatlarynda hökümetiň iş başyndan çekilmegi hakyndaky arzasyny kabul etdi.

Prezidentiň Diwanyndan berilen beýannama görä Premýer-ministriň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek wezipesi ozal Ministrler kabinetiniň başlygynyň orunbasary bolup işlän Alihan Smailowa berildi.

Gazagystanyň günbataryndaky Žanözen şäherinde suwklandyrylan gazyň nyrhynyň ýokarlandyrylanmagyna garşy duran sürüjileriň protestleriň ýurdun çart tarapyna ýaýramagy sebäpli Almaty şäherinde we Mangystau welaýatynda adatdan daşary ýagdaý dolanşygy yglan edilipdi.

Bu barasynda Prezident Tokaýewiň gol çeken permanynda ýurtda döwlet howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça şertleriň agyrlaşmagy sebäpli adybir sebitlerde ýanwar aýynyň 5-19-y aralygynda köçä çykmak çäklendirilipdi.

Ýurduň ozalky paýtagty Almatyna bolsa müňlerçe adamyň gatnaşmagyndaky demonstrasiýalar uzakly gije dowam edipdi. Polis ses bombasy we göz ýaşardyjy bombalar bilen demonstrantlara çäre görüpdi.

Gazagystanyň hökümetiniň iş başyna gitmegine sebäp bolan tapgyrda suwklandyrylan gazyň 1 litriň bahasy 60 teňňeden 120 teňňä göterilipdi.

Döredilen ýörite döwlet topary Aktauda protestçiler bilen duşuşyp, suwklandyrylan gazyň nyrhyny 50 teňňä düşürendiklerini beýan edipdi. Emma muňa garamazdan dowam eden demonstrasialarda syýasy ulgama garşy şygarlar aýdylyp, halkyň ykdysady jemgyýetçilik şertleriniň gowulandyrylmagy talap edilipdi.

Ýene degişli makalalar

Ysraýylly Serkerde Wezipesinden Çekildi
Ekwadorda bolan ýertitremede ýogalan adamlaryň sany artdy
ÝÇL: çärýek finalçylar garşydaşlaryny bildiler
Sil Apatynda Ýogalanlaryň Sany 14 Adama Ýetdi
Gruziýada Dartgynlyga Sebäp Bolan Kanun Taslamasy Yzyna Çekildi
ABŞ-nyň Esgerleriniň Siriýadan Çekilmegi Hakyndaky Taslama Kabul Edilmedi
Ýer Titremelerinde Ýogalanlaryň Sany 45 müň 968 Adama Ýetdi