Astana täze söwda rekordyny goýdy, gazak eksporty 26 milliard dollardan agdy, bu geçen ýylyň görkezijisinden üçde bir derejede artykdyr. Ýurduň esasy satyn alyjysy Italiýa boldy, oňa eksportyň ýarysy degişlidir diýip, MIR 24 ýazýar.
Gazak harytlaryny häzir 100-den gowrak ýurt satyn alýar, olar, esasan, nebit önümleri, elektrik harytlary, awtoulaglar we ätiýaçlyk şaýlarydyr metallar bolup durýar. Emma eksportyň agramly bölegi oba hojalyk pudagyna degişli.
Döwlet ýerli önüm öndürijileri goldaýar we olaryň çykdajylarynyň öwezini dolýar.
Bu ugurda eksport edijileriň 212-sine goldaw berildi. Ýylyň dowamynda ýerli kärhanalaryň 486 ýüztutmasy kanagatlandyryldy. Işewürleriň agramly bölegi oba hojalygynda işleýär diýip, Gazagystanyň söwda we goşulyşmak ministriniň orunbasary Kaýrat Torebaýew aýdýar.
Ýylyň başyndan bäri Respublika Özbegistan, Russiýa, Hytaý we Günorta Koreýa bilen iri geleşikleri baglaşdy, agzalan ýurtlara durmuş himiýasy, mis önümleri we azyk harytlary iberilýär.