Gazagystanly teatr artistleri Aşgabatda çykyş etdiler

Gazagystanly teatr artistleri Aşgabatda çykyş etdiler

Türkmenistanda geçirilýän Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty atly IV halkara festiwalyň ilkinji güni Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda Gazagystan Respublikasynyň Biken Rimowa adyndaky Taldykorgan drama teatrynyň artistleri çykyş etdiler.

Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynyň sahnasynda gazagystanly teatr artistleri halkara festiwala hödürlän Goragsyzlar güni (Қорғансыздың күні) atly sahna eserini tomaşaçylara hödürlediler. Myhmanlaryň sahna oýnuna tomaşa oňa edenler ýokary baha berdiler.

Goragsyzlar güni (Қорғансыздың күні) atly sahna eseri ýazyjy we dramaturg Muhtar Awezowyň pýesasy esasynda sahnalaşdyrylypdyr. Oýnuň režissýory Farhad Moldagalin, suratkeşi bolsa Karlygaş Şalabaýew bolup, bu oýun ilkinji gezek 2021-nji ýylyň 3-nji iýunynda gazak halkyna görkezilipdir.

Goragsyzlar güni atly sahna eseri boýdan-başa drama bilen baýlaşdyrylan. Sahna gazak obasyndaky garyplaryň durmuşy bilen tanyşdyrýar. Garyp, goragsyz adamlaryň durmuşyndaky agyr günler hakda gürrüň berýär.

Ýeri gelende belläp geçsek, Gazagystan Respublikasynyň Biken Rimowa adyndaky Taldykorgan drama teatry 1975-nji ýylda esaslandyrylypdyr. Geçen ýyllaryň dowamynda bu teatr diňe bir ýurduň çäginde däl, eýsem, daşary ýurtlarda geçirilen birnäçe halkara festiwallara gatnaşypdyr. Teatryň sahnasynda gadymy döwürlerden häzirki wagta çenli gazak halkynyň taryhyndan söz açýan sahna eserleri görkezilýär.

Ýene degişli makalalar

Aşgabadyň we Arkadag şäheriniň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlary
Özbegistanyň Horezm welaýatynyň sazly drama teatry Şasenem we Garyp atly sahna eseri bilen Aşgabatda çykyş etdi
Özbek teatry Şasenem we Garyp atly sahna eserini görkezdi
14-nji noýabrda Türkmenistanda Halkara teatr festiwaly başlanar
Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty atly IV halkara festiwalyň meýilnamasy belli boldy
Türkmenistanda geçiriljek halkara teatr festiwalynyň meýilnamasy bilen tanyş boluň!